IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň Kerki şahamçasynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna“  laýyklykda döwrebap bilimli, ylymly, hünärli, ruhy we sagdyn, berk bedenli her bir işe döredijilikli çemeleşmegi başarýan, asyrlaryň kämillik mekdebini geçen milli häsiýetlerimizi mynasyp dowam etdirýän, ruhubelent, geljege ynamly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen “Il saglygy-ýurt baýlygy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Enejan Ýoldaşowa, Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň Kerki şahamçasynyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Şöhrat Garaýew çykyş etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.