ÝAŞLAR WE EKOLOGIÝA MEDENIÝETI

Hormatly Prezidentimiz  parasatly pikirlerinde,  çykyşlarynda, öňe sürýän halkara başlangyçlarynda ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga, bu ugurda ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmaga we kanunçylygy berkitmäge ünsi çekýär.

 

Ekologik düşünje we tebigata söýgi ýaş çagalykdan başlap kemala gelýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerde  tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýe bermek, ýaş nesilleriň arasynda ekologik medeniýetiň derejesini ýokarlandyrmak döwletimiziň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Çünki, häzirki döwürde älem giňişliginde iň çylşyrymly meseleleri bilen öňe çykýan ekologiýa çuňňur öwrenmegi, ähli meseleleri düýpli seljermegi we netijeli baş alyp çykarmagy talap edýär. Şeýle döwürde ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary ýakyndan bilmek, akyl ýetirmek, ekologik nukdaýnazaryndan sowatly çemeleşmäni gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda ileri tutulýar. Çünki, arassa tebigatymyz arkaly sagdyn ýaşaýyş nusgasyny kemala getirýäris. Bu bolsa öz gezeginde, halkyň jan saglygy üçin möhümdir.

Şeýle belent wezipäni amala aşyrmakda ýaşlaryň ekologik çärelere gatnaşmagyny üpjün etmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şu ýyl Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda, ýurdumyzda güýzki bag ekişlik möwsümine badalga berlip, ýaşlar hem bu asylly çärä işjeň gatnaşýarlar. Geljekde ekilen baglar ösüp, boý alyp, ajaýyp bir gözelligi we iň esasysy tebigatymyzyň howa sazlaşygynyň arassa ulgamyny döretmekde berk esas bolar. Şeýle ynsanperwer çärä gatnaşan her bir ýaş nesliň ýüreklerinde buýsanç bar. Çünki, tebigat biziň öýümizdir, ýaşaýyş gurşawymyzdyr. Bu gurşawda özboluşly medeniýet kemala gelip, edil adamlaryň birek-birek bilen mähirli gatnaşyşy ýaly, adam bilen tebigatyň arasynda hem hormat goýmak, goramak we aýawly çemeleşmek ýaly ýörelgelere utgaşyp gidýän ekologik medeniýet kemala gelýär. Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesi bilen welosipedli ýörişleriň yzygiderli guralmagy ekologiýa abadançylygyny döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýörişe ulaglaryň sürüjileri bilen birlikde ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesi jemlenýär. Çäräniň geçirilýän wagty öz ulag serişdelerinden peýdalanmaýarlar, bu bolsa ekologiýa ýagdaýyna örän oňyn täsir edýär. Häzirki wagtda welosiped  arassa ekologik ulag hasaplanýar we dünýäde ykrar edilip, her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde giňden, dabaraly bellenip geçilýär.

Diýarymyzyň tebigatyny goramak we baýlyklaryny aýawly hem-de rejeli ulanmak barada Kanunçylygy berkitmek boýunça möhüm işler amala aşyrylýar. Hususan-da, “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suw biologik serişdelerini goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Tokaý kodeksiniň ähmiýeti juda uludyr. Ýaşlara berilýän ekologik bilimleriň hatarynda kanunçylyk we medeniýet düşünjeleriniň baglanyşygyny döretmek bu ugurdaky bilimleriň artmagyna kuwwatly binýat bolup durýar.

Daşky gurşawy goramak ählumumy meseledir. Halkara derejede uly üns-alada bilen gurşalan bu meseläniň iň ygtybarly çözgüdi bolsa, her bir ýurt öz gezeginde,  her bir raýat öz gezeginde daşky gurşawa mähirli garamalydyr, goramalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren halkara ähmiýetli başlangyçlarynda daşky gurşawy goramak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Mejlislerinde, şeýle hem bu abraýly guramanyň geçiren durnukly ösüş boýunça “Rio + 20” maslahatynda, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda eden çykyşlarynda oňyn başlangyçlary öňe sürdi we dessinede mynasyp goldawa eýe boldy. Bu başlangyçlaryň özeninde diňe bir halkymyzyň däl, eýsem bütin adamzadyň oňyn ýaşaýşynyň hatyrasyna ähli oňyn maksatlara gönükdirilendigini buýsanç bilen bellemelidiris.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňýanynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi hormatly Prezidentimiziň ekologiýa abadançylygyny ösdürmegiň diňe bir halkymyzyň däl, dünýäde bütin adamzadyň bähbitlerini ugur edinýändigini, munuň özi dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ekologik medeniýetiň ýokarlandyrylmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Döwletli başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Mergen ÖWEZOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar