BITARAPLYK – PARAHATÇYLYGYŇ ŞUGLASY

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, halkara gatnaşyklarynda dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan ata Watanymyzyň abraý-mertebesi barha belende galýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini Arkadagly Serdarymyz üstünlikli dowam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary amala aşyrmaga meýilli halkara guramalaryň we döwletleriň sany ýylsaýyn artýar. Bu günki gün Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulyşýar hem-de ählumumy häsiýete eýe bolan halkara giň möçberli meseleleri çözmekde özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Döwletimiz bu babatda hemişelik Bitaraplyk daşary syýasat ýörelgesine esaslanyp, dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär we giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär.

Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän islendik teklipdir başlangyçlarynyň, alyp barýan syýasy işiniň gözbaşynda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri dur. Halkymyz asyrlaryň dowamynda parahatçylygy we asudalygy gymmatlyk derejesine göterip, arzylap gelen halkdyr. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň “Bitarap Türkmenistan”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly eserlerini okanyňda hem aňyrýany bilen göz ýetirmek bolýar. Parahatçylyk we durnukly ösüş ýurdumyzyň Bitaraplygynda jemlenendir. Bu biziň ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasy daýanjy bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Şeýle hem 2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Bu şanly waka netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda, harby we syýasy bileleşiklere goşulyşmaýar. Şonuň ýaly-da, BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara çärelere yzygiderli gatnaşyp, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň syýasy öňdengörüjiligi we çuňňur paýhasy bilen öňe sürlen başlangyçlar gyzgyn goldawa eýe bolýar. Eziz Watanymyz şu günki güne çenli 150-den gowrak döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy, şeýle hem 50-ä golaý bütindünýä we sebitleýin guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyklary alyp barmagy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.

Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde oňyn başlangyçlary öňe sürýän, netijeli çözgütleri teklip edýän döwlet, iri halkara çäreleriň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň, forumlaryň geçirilýän merkezi hökmünde tanalýar. Muňa mysal hökmünde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, VI Hazar sammitini, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty aýdyp bolar. Bu çäreler eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder” diýen sözlerinden ugur alyp, bu günki gün ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyga esaslanýan ýörelgeleri ösdürýär.

Eziz Watanymyz sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almak, adam hukuklaryny goramak we beýleki ugurlar boýunça umumadamzat bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda BMG-niň Merkezi Aziýadaky ygtybarly daýanjyna öwrüldi. Ýurdumyzyň teklibi esasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bu guramanyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi muňa güwä geçýär. Bu ýyl döredilenine 15 ýyl bolýan merkez sebitde durnuklylygy saklamaga, howpsuzlygy üpjün etmäge, özara bähbitli gatnaşyklar esasynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam edýän çäreleriň ençemesini durmuşa geçirdi.

Dost-doganlyga, özara ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň barha netijeli häsiýete eýe bolýandygy guwandyryjydyr. 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Ženewa şäherinde (Şweýsariýa Konfederasiýasy) geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama “goşulyşýan döwlet” (işjeň synçy) derejesine eýe bolmagy, 15-nji martda bolsa ýurdumyzyň 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy bu ugurda gazanylýan üstünlikleriň özboluşly ykrarnamasydyr.

Halkymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleri rowalyklara beslensin!

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Görogly etrap

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar