GELJEGIŇ BERK BINÝADY

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, oba hojalyk pudagy hem beýleki pudaklar bilen bir hatarda döwrebap derejede ösdürilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen düzüm kemala gelýär. Hususy ulgamy ösdürmek we bazar ykdysady şertlere geçmek barada öňde durýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň barşynda, oba hojalyk pudagy üçin zerur bolan öňdebaryjy usullar giňden ornaşdyrylýar. Şeýle ösüşli, özgerişli pudagyň ösdürilmeginde ýaşlaryň mynasyp orny bardyr.  Çünki, bu pudakda zähmet çekýän adamlaryň aglabasynyň ýaşlardygy has-da buýsandyrýar.

Ýaşlar Watanymyzyň okgunly ösmegi üçin özleriniň ukyp-başarnygy, döredijiligi we watançylyk, zähmet söýgüsi bilen mynasyp goşant goşýarlar. Munuň şeýledigini, oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän ýaşlarda hem aýdyň görmek mümkin.

Döwletimiz bazar ykdysady şertlerine geçmek baradaky döwlet syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Şeýle asylly başlangyçlaryň çygrynda kiçi we orta telekeçiligi goldamak barada Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Serdarymyz ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda hem ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine möhüm ornuň degişli boljakdygyny buýsanç bilen belledi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” hem ýaşlar syýasatyny ösdürmek boýunça möhüm wezipelere giň orun berilýär. Ýaşlary telekeçilige giňden çekmek we goldamak babatynda döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär. Şunlukda, ýaş telekeçileriň mynasyp nesli kemala gelýär.

Watançylyk, sport, ekologiýa, gözellik, ahlak ýaly terbiýäniň dürli görnüşleri bu günki gün her bir ýaş nesliň baş maksadyna öwrülýär. Munda zähmet terbiýesine möhüm ähmiýet berilýär. Çünki, zähmete adam bilen tebigatyň arasyndaky utgaşdyrylan hereket diýip baha bersek, onda adam şol tebigaty özgerdiji güýç diýip, düşünýäris. Adam tebigaty özgerdýän bolsa, ýaşlar hem tebigaty özgerdip, geljegimizi gülledýär. Çünki, ýaşlar biziň geljegimiz.

Ýer zähmeti talap edýär. Ýeriň bol hasyl eçilmegi, seniň zähmetiňe gös-göni baglydyr. Şular ýaly ýaşlaryň hem arasynda ykbalyny daýhançylyga we oba hojalyk ulgamynyň ussat telekeçisi bolmaga baglaýanlary az däl. Häzirki wagtda ýaşlar döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýerleri özgerdip, bejerip, bol hasyl alyp, döwletimiziň bereketli hasylyny belentlere galdyrýarlar. Bu bolsa ýaşlaryň tebigata bolan söýgüsini artdyrýar, zähmete bolan terbiýesini berkidýär. Şeýdip, ýaşlar geljegimizi gülledýän bol hasylyň miwelerine öwrülýär.

Ýeri özgerdip bilýän, ýurdy bagy-bossanlyga büreýän ýaşlar şeýdip Watany ösdürýärler, gülledýärler. Ýerden bereketli bol hasyl alyp, Watan harmanyny beýgeldýärler.

“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” ýaş telekeçileriň kemala gelmegine ýardam bermek we ýaş maşgalalary goldamak ýaly özboluşly wezipelere mynasyp ornuň berilmegi, döwletimiziň ýaşlara bolan ynamynyň belentdigini aýdyň görkezýär. Belent maksatly ýaşlar zehiniň sarpalanýan, zähmetiň sylaglanýan döwletinde özleriniň mynasyp zähmeti bilen uly üstünlikler gazanýarlar.

S.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti we Türkmen oba hojalyk instituty ýaly oba hojalyk ugrundan bilim berýän ýokary okuw jaýlary oba hojalyk pudagynyň okgunly ösýän geljeginiň bilim binýadydyr. Çünki, bu ýerde pudagy ösdürjek we ony dünýä derejesine çykarjak ýaş hünärmenler kemala gelýär. Bilim ojaklarynda okaýan, kalplary ylyma-bilime teşne ýaşlary görüp, bu pudagyň geljeginiň binýadynyň berkdigine buýsanýarsyň. Bilim bermegiň usullary zähmet terbiýesi bilen utgaşdyrylyp, ýokary derejeli sowatly, bilimli hünärmenleriň kemala gelmegini şertlendirýär.

 

Gözel KUŞMEKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 110 okalan

WATANYMYZYŇ BAGTYÝAR NESILLERI

19 Iýun 2025 | 68 okalan

ÝURDUMDA ÝAŇLANÝAR ÇAGA GÜLKÜSI