TÜRKMEN-ÖZBEK DOSTLUGYNYŇ ŞANYNA BAGYŞLANDY

Üstümizdäki ýylyň 16 – 17-nji noýabrynda Daşoguz şäherinde geçirilen türkmen-özbek dostluk festiwaly uly toý dabaralaryna beslendi. Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen geçirilen bu festiwalyň bu goňşy ýurt bilen serhetleşýän Daşoguz ilinde geçirilmeginde uly many bardyr.

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň medeniýet merkezinde etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de TMÝG-niň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda, “Türkmen-özbek dostlugy – bitewiligiň nyşany” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara etrap häkimliginiň, etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Aýdym-sazly dabara gatnaşyjylar çykyşlarynda türkmen-özbek dostlugy, hoşniýetli goňşuçylyk we myhmansöýerlik däpleri bilen nurlanýan sungat baýramçylygynyň iki halkyň köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, milli öwüşginlere baý medeniýetini, sungatyny täze derejelerde ösdürmekde, bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtap geçdiler.

Aýdym-sazly dabarada etrabyň medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň iki dilde aýdan aýdymlary tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Şeýle iki döwlet derejesinde dostlukly festiwallary, çäreleri gurnamaga mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.

 

Öwezmyrat TEKÄÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.A.Nyýazow adyndaky etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 110 okalan

WATANYMYZYŇ BAGTYÝAR NESILLERI

19 Iýun 2025 | 68 okalan

ÝURDUMDA ÝAŇLANÝAR ÇAGA GÜLKÜSI