BAKY BITARAPLYK – BAKY BAGTYMYZ

Baky bagtdan paýyny tapan türkmen halky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar.

Bitaraplyk – türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň çürbaşy. Hemişelik Bitaraplygymyz biziň Garaşsyzlygymyz ýaly ýalkymy bilen, dabarasy soňlanmajak baýramymyzdyr. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk – bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Şol goşa ganaty birleşdirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan bolsa Gahryman Arkadagymyzdyr, peder dowamaty Arkadagly Serdarymyzdyr.

Hemişelik Bitaraplyk hakynda gürrüň açylanda, türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köpri göz öňüňde janlanýar. Ol döwletimiziň geljekki belent ösüşlerine sary uzaýan altyn geçelgedir.

Garaşsyz Türkmenistana Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berlen güni – 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen döwletiniň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ýurdumyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezen taryhy senedir. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýany kabul etmegi bolsa, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň bütin dünýäde uly goldawa eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygynyň uludan toýlanmagy her birimiziň ruhumyzy galkyndyrýar. Bu şanly günlerde baýramçylyk mynasybetli birnäçe desgalar dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Ýene-de täze desgalaryň hatary uzamagyny dowam edýär.

Hemişelik Bitaraplyk diýmek, rowaçlyk, asudalyk, bagtyýarlyk, ebedi parahatçylyk diýmekdir. Parahatçylyk bolsa, ähli eşretleriň gözbaşydyr. Goý, dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalary amal edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun !

 

Ýazjemal BAZAROWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar