GYMMATLY BAÝLYK

Töweregiňe syn etseň, giň alaň meýdanlar bu gün gülzarlyga öwrülýär. Oba zähmetkeşleri işlemek, bereketli hasyl öndürmek, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamak üçin döredilýän şertlerden ruhlanyp, arman-ýadaman zähmet çekýärler. Ýer işläp, bol hasyl alyp işlemek neneňsi uly bagt! Taryha nazar salsak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalygyny ösdürmek barada kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipelere laýyklykda, hususy telekeçilere, daýhan hojalyklaryna, mülkdarlara ýörite döredilen ýer gaznalaryndan uzak möhletleýin ýer böleklerini bermegiň Tertibi işlenip taýýarlanyldy. Şuňa laýyklykda, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ýerden bol hasyl alyp, giň atyz meýdanlary gülzarlyga öwürmek mümkinçiligi döredilýär. Şeýle bagtdan paýly, rysgally telekeçi daýhanlarymyzyň sany gün-günden artýar.

Telekeçilerimiz, daýhan hojalyklarymyz döwletimiziň hususy telekeçiligi goldamagy bilen obany özgertmek, ýerlerden netijeli peýdalanmak, Watan harmanyny beýgeltmek, bol hasyly bilen Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Her ýyl üstünlige ýetip, gowy netijeleri görkezýän daýhan birleşikleriň sany barha artýar. Pagta, bugdaýdan bereketli, bol hasyl alynýar.

Ýeri işläp, bejerip, halal zähmetiňi siňdirip hasyl almak ýeňil-ýelpaý iş däl. Baýlyk toplamak aňsat, ýerden hasyl almak daýhandan örän köp zähmeti, gujur-gaýraty, sabyr-takady talap edýär. Iň soňunda ýetilýän üstünlik, gazanylan hasyl müň baýlykdan gowy. Halal zähmetiň ýerine geljek zadyň özi ýok. Şu rowaýaty okap, halal zähmetiň höziriniň uludygyna, ýene bir gezek magat göz ýetirýärsiň.

Gadym zamanlarda bir ýaşulynyň iki ogly bar eken. Ol ýaşuly günlerde bir gün özüniň mirasyny paýlap bermek maksady bilen, ogullaryny ýanyna çagyryp:

— Ogullarym, meniň altyn-kümüşden doly bir sandygym we bol hasyl eçilýän bereketli ýerim bar. Bulardan haýsysy göwnüňize ýarasa, şony alyň — diýipdir.

Ýaşulynyň kiçi ogly altyn-kümüşden doly sandygy alýar, uly ogly bolsa özüne miras hökmünde ýeri kabul edýär. Aý aýlanyp, ýyllar geçýär. Doganlaryň ulusy ýere yhlas bilen ideg edip, gurplanýar. Kiçi doganyň bolsa, alan baýlygy tükenipdir. Şeýlelikde, ol doganynyň ýanyna gamgyn ýagdaýda gelip, halyny düşündirýär. Dogany bolsa, bu berekediň çeşmesiniň miras galan ýerdigini düşündirýär.

Ýerden bereketli bol hasyl alyp, çeken zähmetiňe, yhlasyňa guwanmak örän uly bagt. Şeýle ýokary netijeleriň gözbaşynda oba hojalygyny özgertmek, obany özgertmek, ondaky ýaşaýyş-durmuşy döwrebaplaşdyrmak baradaky döwletimiziň alyp barýan giň möçberli işleri dur. Çünki oba özgerýär, daýhan galkynýar.

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar