TÄSIRLI ÇÄRELER GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, etrabyň pensiýa gaznasy bölüminde “Maşgala mukaddesligi – halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir” ady bilen wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi. Maşgala mukaddesligini ündemek maksady bilen geçirilen ýygnaga etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrap pensiýa gaznasy bölüminde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy. Çykyşlarda ýaş nesillerde merdana pederlerimizden miras galan ahlak arassalygy, watansöýüjilik, lebzihalallyk, kalby tämizlik ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemek, maşgala binýadynyň berkligini gazanmak dogrusyndaky gürrüňlere giň orun berildi. Bedew batly ösüşlerimiziň has-da berkemegini her bir maşgalanyň abadançylygynda görýän hormatly Prezidentimiziň tutumly tagallalaryna mynasyp jogap hökmünde, maşgala gatnaşyklarynda hemişe agzybirligiň, adalatlylygyň, bir-birege hormat-sarpanyň ýörelge bolmagyna hemmeleriň işjeň goşulyşmaklary ündeldi. Çykyşlarda maşgala bagtyýarlygyny ähli babatda ilkinji derejede goýýan Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

***

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrabyň 93-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Maşgala mukaddesligi – halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çärä etrabyň Ýaşlar guramasynyň, zenanlar guramasynyň işjeň agzalary, mährem eneler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýynda: «Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr» diýen ganatly jümlelerini belläp geçmek bilen, Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýan wezipeleri, şeýle-de, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek, at-abraýyny saklamak we goramak barada giňişleýin belläp geçdiler.

***

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi, etrabyň 41-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda, “Ahlak arassalygy – ruhy tämizlik” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çäre ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni berjaý etmeklerini gazanmak, türkmen gyzlaryna mahsus bolan milli edep-terbiýäni wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirildi. Çärede ýaşlarymyzyň ertirki gün durmuşda mynasyp orunlaryny tapyp, çeper elli, süýji dilli, sagdyn synaly, edepli-ekramly, ar-namysly, süňňi halal, päk ahlakly, milli ruhda terbiýelenen, asylly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin edilýän aladalar barada,  şeýle hem Watanymyzyň ertirki eýelerini terbiýeçilik, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek dogrusynda giňişleýin wagyz edildi.

***

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işgärleriniň  gatnaşmagynda, “Adam bir ýaşar, edebi iki ýaşar” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede kärhananyň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy hem-de TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň wekili çykyş etdiler. Bu çäre kärhananyň işgärleriniň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sanly tehnologiýa ulgamyndan peýdalanmagyň düzgünlerini öwretmek maksady bilen geçirildi. Çykyş edenler bular dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.

***

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz welaýat çagalar kitaphanasy bilen bilelikde, Daşoguz welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda saglygyny dikeldýän okuwçylaryň gatnaşmaklarynda, “Şalgam”, “Garga, tilki we syçanyň dostlugy” atly gurjak oýunlarynyň görkezilişini gurady. Bu çäre mümkinçiligi çäkli ýaşlaryň wagtlaryny şadyýan, gyzykly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen geçirildi. Gurjak oýny özüniň täsirliligi hem-de özüne çekijiligi bilen tapawutlandy. Çärä işjeň gatnaşan okuwçylara TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy. Şeýle çäreler ýaş nesilleriň arasynda yzygiderli geçirilýär.

Meňzeş habarlar