EÝÝAMA DÖWLET GELER BOLSA...

Bu publisistik makalamyzda halk döredijiligimizde ýörgünli bolan — «Ile döwlet geler bolsa...» diýen aýtgyny biraz üýtgedip, «Eýýama döwlet geler bolsa...» diýen görnüşde sözbaşy hökmünde goýmagymyz ýöne ýerden däl. Çünki onuň ikinji setirinde «Bagşy bilen ozan geler» diýilýän bolsa, biz bagşyçylyk we ozanlyk bilen baglanyşykly dutaryň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, şu ýylyň 11-nji fewralynda bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öz täze syýasy — ýaşlara ynam bildirmek ugruny yglan etmegi, Watanymyzy ösdürmegiň geljek döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrmagy, «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen eýýamymyza ýene bir rysgal-döwletiň gelendigini nygtamakçy bolýarys. Eýsem, bu ugurlarda Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowanyň we Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýewiň sözleriniň nukdaýnazary arkaly nämeleri aýdyp bileris?!     

 

MEDENI DIPLOMATIÝANYŇ NOBATDAKY BEÝIK ÝEŇŞI

Halypa diplomat, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa öz ýürek-kalp sözlerini şeýle beýan edýär:

 — ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabrynda Pariž şäherinde geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ÝUNESKO-nyň hem-de halkara bilermenleriň bu hödürnama beren ýokary bahasynyň ykrary bolandygyny hem buýsanç bilen aýtmak bolar. Indi parahatçylygyň, doganlygyň, dostlugyň, birek-birege ynanyşmagyň nyşany hökmünde ençeme asyrlardan bäri türkmen topragynda belentden ýaňlanyp gelen milli aýdym-saz sungatymyz umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şeýle şatlykly waka «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen belent ruhda başlanan 2022-nji ýylyň şanly gadamlaryna aýratyn joşgun berýär. Bu beýik ykraryň Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary dikeltmek we bitewüligi bilen ösüp gelýän nesillerimize ýetirmek babatda yzygiderli amala aşyrýan tagallalarynyň miwesidigini, barha giň gerim alýan hoşniýetli medeni diplomatiýasynyň nobatdaky beýik ýeňşidigini ýene bir gezek belläsim gelýär.

 

HATARDA NER BOLSA, ÝÜK ÝERDE GALMAZ...

Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendiginiň ähmiýetini Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Çaryýar Jumaýew buýsanç bilen şeýle açyp görkezýär:

—ÝUNESKO-nyň sanawyna giren milli gymmatlygyň diňe dutar bilen çäklenmän, eýsem, bu abraýly sanawa giren gymmatlygymyzyň üçlükden düzülendigini hem aýtmak gerek. Ýagny ol üçlük dutar ýasamak senetçiliginden, dutarda saz çalmak sungatyndan we bagşyçylyk sungatyndan ybaratdyr. «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýlişi ýaly, bu üçlükde dutar ner manysynda gelip, özi bilen tutuş sazyň ýüküni alyp, sanawa girendir. Hawa, dutaryň üsti bilen tutuş türkmen saz sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna goşuldy. Indi ýeri gelende, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak sungatynyň we bagşyçylyk sungatynyň aýratynlyklary barada hem aýdyp geçeliň. Olaryň birinjisi dutar ýasamak senetçiligidir. Dutar ýasamak üçin ilki bilen onuň agajyny saýlap kesip almaly. Saýlanan agajyň düzümindäki duzlary çyglylyk arkaly aýyrmak maksady bilen ony ýere gömüp goýýarlar. Dutaryň kädisi tutdan, sapy erik agajyndan taýýarlanylýar. Dutar, esasan Ahal we Mary topraklarynda çalynýar. Emma Daşoguz welaýatynda dutary gyjak bilen bilelikde çalýarlar. Dutary millionlarça adam çalypdyr. Biz diňe XIX asyrdaky adamlary bilýäris. Emma biziň ondan öňki bagşy-sazandalary bilmeýänligimiz olaryň ýoklugyny aňlatmaýar ahyryn. Olar bar, olar bolupdyr. Olaryň bolandygy üçin bize şu senet gelipdir. Ýene bir zady aýratyn belläsim gelýär. Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilen döwründe örän gadymy eýýama degişli bolan, elinde dutar çalyp duran adamyň heýkeli tapylypdyr. Bu saz guralyň ady entäk näbellidir. Bu tapyndy şol döwürlerde iki kirişli saz guralynyň ýurdumyzyň çäginde çalnandygyny aňladýar. Diýmek, dutarda saz çalmak sungaty, ýagny bagşyçylyk sungaty has irki döwürlerden başlangyç alyp gaýdypdyr.

 

«DUTAR MILLI DIPLOMATIÝAMYZYŇ OŇONY DÄLMIDIR?!»

Gahryman Arkadagymyzyň goşgusynda şeýle setirler bar: Meniň sözüm — könäň sözi, Meniň sözüm — täzelik däl: Ýaraglaň sesi, sem boluň! Mukaddes zatlaň hakyna, Bütin dünýäniň hakyna, Saklanalyň, adamlar! Sungatlar söhbetleşýärkä ýaraglaryň sesi sem bolýar. Diýmek, dutarçylyk sungaty hem diňe bir ýurt däl, eýsem, halkara derejesinde uly ruhy güýje eýe. Muny indi hiç kim inkär edip bilmez. Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgy setirleri dünýäni parahatçylyga ündeýän çagyryş sazy bolup ýaňlanýar. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen çeper sözde aýtsak, indi dutara täze jan, täze güýç berilýändiginiň şaýady bolýarys. Indi dutar halkara derejesinde saýraýar. Biz beýle diýmek bilen ilimize, ýylymyza, galyberse-de tutuş zamanamyza ýene bir rysgalyň, döwletiň gelendigini nygtamakçy bolýarys. Goý, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» döwrüniň rysgaly egsilmesin!

 

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar