2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 19-na Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat,şäher Geňeşleri, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli,bu baýramy guramaçylykly geçirmek maksady bilen Türkmenabat şäheriniň “Türkmenistan” toý mekanynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Arkadag ýolunda beýgelen Watan,Täze ýyl baýramyň mübärek bolsun!” ady bilen geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi
geçirildi. Baýramçylyk çäresinde welaýat ýörite sungat mekdebiniň ýaşlary medeniýet we sungat işgärleri hoş owazly şowhunly aýdymlary bilen çykyş etdiler. Täze ýyl baýramy mynasybetli biziň gözel Watanymyzda uly dabaralar şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Ýurdumyzda tamamlanyp barýan 2022-nji ýylymyzy taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylyp, geljek-2023-nji ýylymyzy hem şatlyk-şowhun, uly dabara bilen garşylamagy maksat edinýän halkymyz baýramçylyk çärelerine uly höwes bilen gatnaşýarlar. Bu çärede medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyzy, Arkadagymyzy şeýle hem ýetip gelýän Täze ýylymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, her bir şirin owazly sazlar belentden-belent dabaralandyrylan baýramçylyk çäresi diýseň gyzykly boldy. Şanly seneleri ýurdumyzda giňden bellemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
A.AMANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.