Halkyň Arkadagly zamanasynda bedew bady bilen öňe barýan eziz diýarymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy we ykbaly has-da belende göterildi. Biziň ata-babalarymyz geçmişde kämil gymmatlyklaryň ençemesini döredipdirler. Türkmen aty, nepis halysy, dutary, ak bugdaýy, şaý sepleri, alabaý iti, bularyň hemmesi-de halkymyzyň döreden maddy gymmatlyklary bolup, dünýäde deňi-taýy ýokdur.
Türkmen bedewi dünýäde hiç wagt ýitip gitmejek maddy we ruhy gymmatlykdyr. Türkmen atlaryna dünýäde boýy, güýji, ýyndamlygy, çydamlylygy we özboluşly owadanlygy boýunça deň-taý gelýän atlaryň tohumlary ýokdur. Ahalteke atlary, türkmen halkynyň milli guwanjy bolup, iň gadymy tohumlaryň biri hasaplanýar. Bu tohum ilki Türkmen atlary hökmünde tanalýar. Soň birnäçe ýyllaryň geçmegi bilen özüniň owadanlygy, ýyndamlygy we çydamlylygy bilen has-da saýlanyp, olara bolan isleg köpelip ahalteke tohumy hökmünde tanalypdyr. Bu tohumyň gelip çykyşy örän gadymy döwre degişlidir we onuň ösüş taryhy türkmen halkynyň taryhy bilen jebis baglydyr.
Behişdi bedewlere dörän mekanynda - türkmen topragynda häzirki döwürde aýratyn belentde sarpa goýulýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda döwlet nyşanlarymyzyň döredilen wagtynda Döwlet tugramyzyň merkezinde iň gymmatly baýlyk hökmünde bedew atyň buýsançly keşbi ýerleşdirilen.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her welaýatyň merkezinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, atşynaslara hormatly atlaryň dakylmagy, ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarymyzyň gelşiginiň bedewlerimiz bolmagy-da döwletimiziň atçylygy ösdürmäge aýratyn uly üns berýändigini görkezýär.
Türkmen halky hemişe öz bedewine guwanypdyr hem-de ony milli şaý-sepleri bilen bezäpdir. Bu bolsa atlara aýratyn owadanlyk beripdir.
Türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedewler köp asyrdan bäri milletimiziň örän gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Olar barada rowaýatlar, şygyrlar döredildi, häzir hem "Asman atlary" diýip atlandyrylýan bedewlerimiz gözelligiň, güýjüň hem-de wepalylygyň nyşany boldy. Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynda ýerleşdirilen ahalteke bedewiniň şekiliniň ýurduň milli nyşanynyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi tötänden däldir.
Dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri hem gamyşgulak bedewlerdir. Ýörände seýkin basyp, çapanda ýelden ýüwrük atlarymyz toý-baýramlarymyzyň bezegidir, halkymyzyň köňül ganatydyr, milli buýsanjymyzdyr.
Behişdi Diýarymyzyň jana tenekar oty-çöpi, melhem suwy, mahmal howasy türkmen tebigatynyň täsinligi bolan bedew atlarymyzyň kemala gelmeginde uly orun tutýar.
Däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlap dünýäniň ähli künjeklerinden çagyrylýan myhmanlaryň, ýagny, bedew janköýerleriniň gatnaşmagynda Watanymyzda halkara sergisi we maslahaty guralýar. Bedew baýramçylygynda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda gurlan döwrebap aýlawlaryň, atçylyk—sport toplumlarynyň hut şu beýik maksatlara gönükdirilndigi guwandyryjydyr. Ahalteke atlarynyň arasynda “Ýylyň iň owadan bedewi” atly bäsleşigiň geçirilmegi ahalteke atlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny, at-abraýyny belende galdyrmaklyga, pederlerimizden bize gelip ýeten ajaýyp däbini gorap saklamaklyga we kämilleşdirmeklige, milli atşynaslygy döwrebap ösdürmeklige has-da giň ýol açýar.
Türkmen halky bedew at bilen bagly nakyllarynda, atalar sözlerinde öz milli parasadyny bütin aýdyňlygy, beýikligi we müň dürli milli öwüşgini bilen orta çykarypdyr: „At bady bilen, ogul ady bilen“, „At basyşyndan, är bakyşyndan“, «At—myrat», «Atym bar—ganatym bar», «Atym bar ne gamym bar», «Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «At—ganat, düýe—döwlet», «At söbüginden tanadar, gawun gabygyndan», «Malyň iki bolsa—biri at bolsun», «Är ganaty—at». Bedew at bilen bagly şeýle nakyllaryň her biri uly bir dünýä. Olarda behişdi bedew bilen baglanşyklylykda türkmen dünýäsi açylýar. Bedew at barada atalar sözleriniň, at bilen baglanşykly nakyllaryň köp bolmagy türkmen halkynyň atşynaslygy sungat derejesinde belende göterendigini görkezýär. Bedew at türkmeniň uçar ganaty bolupdyr. Alys ýollary ýakyn edipdir. Bu ýerde, ilkinji nobatda, onuň ynsanyň ýakyn hem ýürekdeş syrdaşy bolmagy nygtalýar. Merdana milletimiz: „Aty saklamak—döwlet diýipdir“ diýlen pähim-parasady netijesinde türkmen halky öz behişdi bedewi bilen bagtynyň ozandygyny, bagtyýarlyk döwründe ykbalynyň göterilendigini görkezýär.
2010-njy ýyldan bäri ýurdumyzda hereket edýän halkara ahalteke atçylyk assosiasiyasynyň türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän „Behişdi ahalteke bedewleri“ atly maglumat beriş-seljeriş žurnalynda bolsa aslyny asyrlaryň gözbaşyndan alyp gaýdýan arassa tohum ahalteke bedewleri, ýurdumyzyň atçylyk däpleri giňişleýin wasp edilýär. Atlar yssy howa şertlerine garamazdan örän kuwwatly, uzak aralyga geçirilýän çapyşyklara ukyply, öz bedeniniň ýadawlygyny çalt kadalaşdyrmaga hem çeýedir. Mysal üçin, 1935-nji hem-de 1988-nji ýyllarda geçirilen atly ýörişlerde olar dünýäde deňi-taýy bolmadyk ýokary hilli netije görkezip, 43000 km aralygy 60 günde geçmegiň hötdesinden gelipdirler.
Häzirki döwürde ahalteke bedewleriniň milli miras hökmünde gadymky şöhratynyň dikeldilmegi we olaryň köpeldilmegi Türkmenistan garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň başlandy. Ahalteke bedewi özüniň taryhy Watanynda hakyky keşbine eýe boldy. Dünýä çempiony Ýanardag Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ýerleşdirildi we ol erkinligiň hem-de garaşsyzlygyň hemişelik nyşanyna öwrüldi. Şol döwürden naýbaşy tohumdaky atlary mundan beýläk-de artdyrmak, ony dünýä ýüzünde ýaýratmak we meşhur etmek babatdaky maksada okgunly tohumçylyk seçgi işlerine badalga berildi. Şol maksat bilen, 1991-nji ýylda «Türkmen atlary» döwlet birleşigi döredildi. Birleşik ahalteke bedewlerine öz ömürlerini bagyşlan hünärmenleriň ägirt uly işlerini utgaşdyrýar. Ajaýyp tohumdaky atlary ösdürip ýetişdirmegiň gizlin syrlaryny, tejribelerini atadan ogla geçiren türkmen seçgiçileriniň köp nesilleri özleriniň köp asyrlyk tejribelerine daýandylar we bu ugurdaky durmuşa geçirilýän çäreler ahalteke bedewleriniň sanyny hem-de arassalygyny dikeltmäge, geçmişdäki tohumçylyk nesil ugurlaryny hem-de atşynaslygyň asylly däplerini giňeltmäge mümkinçilik berdi.Häzirki döwürde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmen atşynaslygy milli muzeýinde öz beýanyny tapan gadymy baý däp-dessurlar döwlet Baştutanynyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde hil taýdan täze derejä çykdy.
Häzirki döwürde bu pudak hakyky rowaçlyga eýe bolýar. Milli Liderimiziň tagallasy netijesinde ýurtda arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, atçylyk sportunyň görnüşlerini we atçapyşyklarynyň milli däplerini wagyz etmek babatda özüniň göwrümi we ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk çäreler durmuşa geçirilýär. Her ýylda tutuş ýurdumyz boýunça Türkmen bedewiniň baýramy giňden bellenilýär. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda atşynaslygy ösdürmek boýunça halkara ylmy çäre geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara ülňülerine doly laýyk gelýän, döwrebap atçylyk sport toplumlary guruldy.
Ýurdumyzyň atşynaslyk ulgamyny höweslendirmek maksady bilen, bu tohumdaky bedewleriň iň gowy wekilini yglan etmek üçin ýörite bäsleşik esaslandyryldy. Ol çäre diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş adamzat medeniýetiniň aňrybaş gazanany bolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň gözelliginiň özboluşly gözden geçirilişidir. Mundan başga-da ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek üçin Türkmen döwlet sirkiniň Aşgabatdaky binasy dolulygyna abatlanyldy we ol iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Özleriniň çalasyn hereketleri we ajaýyp, çeýe, ýyndam bedewleri bilen türkmen jigitleri sirkiň tomaşaçylaryna köp sanly şatlyk we tolgundyryjy pursatlary eçilýärler.
Ýurtda arassa ganly bedewleri ösdürip ýetişdirmek üçin ähli şertler döredildi. Şeýlelikde, tohumçylyk ulgamynyň aýawly saklanjakdygy we onuň bahasy ruhy baýlyk hökmünde nesillere geçiriljekdigi gümansyzdyr. Bular asyrlaryň we nesilleriň, tagallalaryň we ýeňişleriň, zähmetiň we sazlaşygyň baglanyşygyny özünde jemleýär.