BEDEW WASPY SÖZ ÄLEMINDE

Her bir halkyň ýüzi, onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwün hoşy, ýowly günde baş ýoldaşy, halk zehininiň mähek daşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke behişdi bedewlerimizdir.

Pederlerimizden miras galan şeýle bir söz bar. «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýlen ajaýyp jümlelerdir. Bu ajaýyp sözlerden gadymdan bäri türkmeniň bedew atyny maşgala başy hasaplaýan atasyndan soň ikinji orunda goýýandyklaryny görmek bolýar. Şundan ugur alyp aýdanymyzda bedewiň orny beýleki gymmatlyklarymyzdan has ýokarda goýulýar.

Şöhratly ahalteke atlary häzirki wagta çenli türkmen halkynyň milli gymmatlygy we aýratyn buýsanjy bolmagynda galýar. Ýelden ýyndam täsin atlar ählihalk dabaralaryň bezegi, türkmenleriň ruhy ganaty, hakyky buýsanjyň we galkynyşyň nyşany bolup durýar.

Türkmen bedewi özüniň owadanlygy, çydamlylygy, eýesine wepalylygy bilen dünýä halklaryny haýrana goýýan naýbaşylarynyň biridir. Gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak türkmen bedewiniň şöhraty asyrlardan-asyrlara aşyp, dowamat-dowam boljakdygy, onuň gadyr-gymmatynyň hemişelikdigi biz ýaş nesiller üçin buýsandyryjydyr.

Ahalteke bedewleri has irki ýyllardan başlap türkmen edebiýatynda giňden wasp edilipdir. «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarynda, nusgawy şahyrlardan Magtymgulynyň, Seýdiniň, Magrupynyň, Mollanepesiň we Mätäjiniň şygyrlarynda wasp edilýär. Magtymguly Pyragynyň «Aty gerek» goşgusynda goç ýigidi bedew atsyz göz öňüne getirip bolmajagy barada

At gazanar goç ýigidiň

Owal bedew aty gerek,

Gelene garşy çykmaga,

Ýagşy muhabbeti gerek

diýip belleýär.

Gurbanaly Magrupy bolsa «Döwletýar» dessanynda şeýle beýan edýär:

Daşarda bir bedew köwlenip dursa,

Ak öýde bir gözel towlanyp dursa,

Allahym, ikisin bir ýerde berse,

Bir ata aşygym, bir-de gözele...

Ata Gowşudowyň «Dordepel» powestinde Nyýazmyrat aganyň türkmen atlary baradaky gürrüňleri, türkmen halkynyň geçmişi we şol wagtky durmuş ýagdaýlary suratlandyrylýar. Şeýle hem powestde owadan, düşbi, ýyndam ahalteke bedewiniň keşbi döredilipdir.

Mundan başga-da ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem ussat, belli türkmen ýazyjysy Atajan Tagan «Keseki» atly taryhy romanynda fransuz goşunynyň kapraly Gulibef de Blokwil, «Türkmenlerdäki 14 aýlyk ýesirlik» hem onuň ýesir düşen 1860-njy ýyldaky söweş barada ýazýar. Atajan Tagan özüniň dünýä belli romanynda bedewe goýulýan hormat barada «Türkmen, zerur bolsa, özüni atyp mertlik edip biler. Ýöne atyny atyp, namartlyk edip bilmez», «Garaýel haýwan däldi. Çyn bedewdi. Çyn bedewiň adamdan mert bolýandygyna özüm göz ýetirdim», şeýle hem romanyň esasy gahrymany Blokwil bedewe hormat goýýan halka «Haýwany beýle derejede söýüp bilýän adamyň ýüregi neresse çaganyň ýüregindenem päk bolsa gerek...» diýip beýan edýär. Ýazyjynyň «Keseki» romany birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edildi we eser türkmeniň, türkmen bedewiniň at-abraýyny dünýä ýaýmakda, olaryň owazasyny dünýä halklaryna ýetirmekde örän ähmiýetli çeşme bolup durýar.

Türkmen ýazyjysy, görnükli publisist Gurbannazar Orazgulyýew hem ynsanyň adyny arşa ýetiren beýik bedewler barada birnäçe eserleri ýazýar. Ol özüniň «Garaýalaňaç» hekaýasynda Gulnazar seýisiň küle çöken bagtyny açan, ony yranmaz döwletli, eýesiniň adynyň owazasyny ýokary göteren, ady eşidilende geňirgendirýän derejeli kişi eden ýalaňaç çapylan at, Garaýalaňajyň waspy ýetirilýär. Hekaýada gara atyň at-owazasynyň ýokary göterilenligi, onuň ýyndamlygy, toýlaryň bezegiligi barada aýdylýar. Şeýle hem bedew at ýogalanda ynsan ýogalan dek bütin obanyň we goňşy obanyň adamlarynyň  gynandygy barada «...Garaýalaňaç janawar ýogalanda, diňe Gulnazar seýis däl, tutuş obadaşlary ony ylla adam jaýlan ýaly ýerlediler.

Häzirem şo töwerege ýoluň düşse «Han-ha, Garaýalaňaç depe» diýip, görkezip ýörler.» diýip, beýan edýär.

Her bir ýazyjy-şahyrlaryň eserleridir goşgularynda mynasyp orun alan türkmen bedewleriniň at-owazasy häzirki wagtda dünýä ýüzüne ýaň salýar.

Ýazylan goşgulardyr poemalar, hekaýalar, powestler, çeper publisistikalar halkyň ýüreginden orun alyp, aňynda öçmejek yz goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly çeper-publisistik kitabynyň hem nusgalyk kitap bolup, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýar.

 

Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Meňzeş habarlar