Günleriň bir güni bir patyşa wezir-wekillerini, akyldar-aksakgallaryny
ýygnap: «Halk üçin iň haýyrly iş näme?» diýip sorapdyr. Biri: «Ylym-bilimi
ösdürmeli» diýse, ýene biri: «Ýol çekmeli, köpri gurmaly, guýy gazmaly» diýipdir. Başga biri: «Eker ýaly, bakar ýaly ýer bermeli» diýse, beýleki biri: «arzuw-islegleri hasyl etmeli» diýipdir. Şonda oturanlaryň biri: «Halk üçin şundan zerur hem haýyrly iş ýokdur diýipdir. Dogrudanam Hormatly adamlar bu gün eziz Arkadagymyzyň ähli ynsanlaryň arzuw isleglerini hasyl etdi. Türkmenistanyň arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine öwürdi. Çünki Hormatly Prezidentimiz adam hakdaky aladany döwlet syýasatynda baş ornunda goýdy. Sözüň daly manysynda biziň her birimiz bagtly ynsanlar diýip aýtmaga esas barýar. Aslynda bagt diýlen düşünjä her kimiň öz nukdaýnazary bolsa gerek? Şahyr aýtmyşlaýyn esasy bagt gadryň bilenmedir, sebäbi bu bagta ýetdirmeýän bagt ahyryn diýip jogap berşi ýaly bu gün biz Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda bagtly durmuşada ýaşýarys.
Gahryman Arkadagymyzyň ak ýollaryň dowamy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli günleri başdan geçirýän türkmen halkymyzyň toýlary goşa-goşadan gelýär. Toýlary toýa ulaşýan asuda ýurdumyzda uludan toýlanýan baýramlaryň biri-de Täze ýyl baýramydyr. Bütin durkuň bilen bagtly pursada garaşylan günler neneňsi bagtyýar, neneňsi şatlykly. Her bir maşgalada Täze ýyl baýramçylygy şatlyk-şowhun bilen toýlanýar. Haýsy öýe baryp, bosagasyndan ätleseň, öýüniň içinde al-ýaşyl öwüsýän, jäjekler bilen bezelen arça, gözüňi gamaşdyryp barýan zerlere gözüň düşýär.
Täze ýyl! Oňa biziň ählimiz gör, nähili sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Täze ýyl diýlende täze zatlaryň göz öňüňe gelmegi ýöne ýerden däl. Çünki täze diýlen söz ynsanda täzeleniş duýgusyny oýarýar. Täze ýyl öz ýany bilen diňe täze arzuwlary getirýär. Täze sowgat, täze arzuw, täze bagt, täze durmuş...
Mahlasy, her bir ynsan mydama täzelenişiň arzuwynda ýaşaýar. Kerwen gurap gelip-geçýän ýyllaryň aýlanyp, ýene-de täzelenip gelmegi adamlar üçin hasam begençli. Täze ýyl baýramçylygynyň gelmegine her bir adam täze garaýyş, täze pikir bilen howlugýar. Süýji arzuwlar her kimiň kalbyna ornaşýar. Sebäbi biz batly depginler bilen öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hasam rowaçlanjak, belent sepgitlere ýetjek 2023-nji ýylyna gadam basýarys.
Ösüş-özgerişlere beslenen 2022-nji ýylymyz bilen hoşlaşyp, täze 2023-nji Täze ýylymyzy uly ruhubelentlik bilen garşy alarys. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitlerinden ugur alýan her bir tutumlary diýseň buýsandyryjy. 2022-nji ýylda türkmen halkymyzyň durmuşynda, hususan-da türkmen sportunyň taryhynda altyn harplar bilen ýazyljak birnäçe şatlykly, täsirli, ýatdan çykmajak pursatlar kän boldy. Esasanam, bu ýylda türkmen türgenlerimiziň gazanan üstünlikleri biziň her birimiziň kalbymyzda baky orun tutdy. Arzuwlar myrat tapdy...
Howwa, Täze ýyl baýramçylygy hemmelere söýgi, mähir paýlaýar. Çünki bu baýram — arzuwlaryň baýramy. Täze ýyl baýramynda her kimiň ýürekleri arzuwdan, mähir-muhabbetden, täze maksatlardan doly. Goý şeýle maksatlar, arzuwlar geljek ýylda-da türkmen sportunyň taryhynda ýeňişli ýollar we üstünlikler bilen dowamat-dowam bolsun. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen sportunyň şan-şöhraty hasam arşa göterilsin.
Bagtdan paýly, bagtyýar durmuşda ýaşaýan Watanymyzyň röwşen eýeleri bolan ýaşlar barada gije-gündiz alada edýän, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan beýik işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda mydama asudalyk höküm sürsün! Her bir maşgalada gülki sesleri aýdym bolup ýaňlansyn! Ýetip gelýän Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.