GOJA ZEMIN SOWGADY (Täze ýyl oýlanmasy)

Garly daglaryň depesinde ganatlaryny ýaýyp ýören, erkin guş kimin arzuwlar ýene-de zeminiň ýokarsynda perwaz urýar. Isleg-arzuwlar, niýetler bularyň ählisi ynsan balasyna berlen soňsuz, özem bahasyna ýetip bolmajak peşgeş. Biziň hemmämiz tebigatyň, ene zeminiň perzendi. Ene zemin özüniň goýnundaky ähli perzentlerine ýagşylyk, ýaşlyk paýlamak bilen bilelikde, şo-o-ol ýokarda gökde, özüniň eýesini gözläp, ýüzüp ýören arzuwlar paýyny hem sahylyk bilen eçilýär. Ummanlaryň düýbündäki balyklaryň, baglarda saýraýan bilbilleriň, daglarda dereleri ýaňlandyryp arlaýan arslanlaryň, sülmüräp oturan leýlisaçlaryň hem ajaýyp arzuwlaryny paýlaýar bu zemin. Säheriň hoştap howasyna meýmiräp oýanýan giň düzlüklere ýaşyl kürte berýän bolsa, belent-belent gaýalara ine, arzuwyň şu bolsa diýip, lükgeläp gar sepeleýärde, ak donuny ýapýar.

Hawa! Ýene-de bir täze ýyl golaýlap gelýär! Barlyk äleminde, tebigat sazlaşygynda, ömür örüsünde gezmeleýän ene zeminiň, perzentlerine entek açylmadyk syrly-syrly bukjalary bilen her ýylyň özüne mynasyp sowgatly gelmesi bar. Her bir ýyllar, aýlar, günler, bularyň ählisi zeminiň döreden pursatlarydyr. Taryhyň sahypasynda her bir ýylyň öz orny bar. Ylaýta-da, ynsan balasy şol ýyla sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Gursagyndaky joşgunly ýaşaýşa ýene-de joşgun goşup ýer ýüzüne ýene bir täze ýyl ýetip gelýär. Bu täze ýyl, gör, nähili ajaýyplyklar alyp gelerkä? Ynsan balasy şol geljek täze ajaýyplyklara, täsinliklere, üstünlikdir rowaçlyklara muşdak. Paýhasly goja zemin howlukman, edil öz wagty, sagady bilen täze ýyly, täze ýaşaýşy dünýä getirýär. Ine, täze ýyl geldi! Täze ajaýyp taryhy pursat başlandy. Zemin özüniň ynsan balasyna niýetlän arzuwlar bukjalaryny açyp, paýlap başlady. Özem şu günde şatlykly günde, şatlykly pursatda, ilki bilen, dünýä şatlyk eçildi. Ähli adamzat nesli täze ýylda zeminden özüniň şatlyk paýyny alýar. Gör, nähili şahandazlyk, degre-daşyň joşgunly ýaşaýyş, durmuş ajaýyp, gör, nähili hoşluk! Ine, päklik, ine, täzelik, dünýe melul bolup başlady, täze ýylda arzuwlaryň zemine ýagyşyny diýsene. Ynsanlar birek-birege özleriniň baýlyklaryny, ýagny, iň eziz arzuwlaryny deň böleşip başladylar. Arzuwlar kerweni hatar gurap geçip dur bu günde, täze ýylyň ilkinji gününde. Ho-o-ol ilki görünýän kerwen hatary saglykdyr. Ähli arzuwlara kerwenbaşy bolup gelendir bu! Ine, agzybirlik, asudalykdyr bu kerwen hatary, ine, şatlyk-şowhun hatary... Arzuwlar dumly duşdan gelip başladylar. Hersi özüniň mynasyp eýesini gözleýär. Bu kerwen bagtyýarlyk kerweni, täze-täze üstünlikler, rowaçlyklar, şowlulyklar, ine, päk zähmet, rysgal-bereket! Tüweleme, arzuwlaryňam sazlaşykly gelşini diýsene. Ine, bu dünýä ýalkym salyp gelýän söýgi kerweni. Heňňamlara heň beren bu ajaýyp gudratly täsinlik deňiňden geçeninde, eýýam yns-jynsy, ýaş-u-garryny hyjuwlandyrýan kerwendir bu. Goý, zemin bulary hem özleriniň mynasyp eýesine gowşursyn! Zeminiň arzuwly asmany bu täze günde arzuw baryny ýagdyryp dur. Azuwlar basgançagyndan, arzuwlar gatyna galýan ynsana, arzuwlaryň bagt getirýän pursatydyr, täze ýylyň ilkinji güni. Ynha, zemin täze ýalkym bilen täze ýyly dünýä getirdi. Atasy ogluna şeýlebir arzuw etdi, dünýe haýran boldy. “Güller düşelen ýoluňda röwşen geljegi saýgarmaga röwşen gözleriň bolsun, oglum, älemi wasp etmäge şeker sözleriň bolsun, oglum, bu bagtyýarlyk bossanynda ýaýnamaga ýene-de ýazlaryň bolsun, oglum”! “Döneýin saňa ömrümiň gülşeni, nyýazym gyzym, baglarda bilbil nagmasyna bäs edýän sazlaryň çemeni, gyzym, durmuşda ajaýyp edep-haýaly bol, döwür-döwranyňa, gözel arzuwlaryňa wepaly bol, gyzym” diýip, enesi hem gyzyna ýürek arzuwlaryny joşdy. Dostlar, dogan-gardaş, ýakynlara, goňşy-golamlara zemin eçilibildi arzuw baryny. Zeminiň häsiýeti şeýle. Ylahy barlyk bolan zemin bize täze ýyly täze arzuwlar bilen berýär. Onda biz şol arzuwyň hakyky özi bolup ýaşaýasda. Dogry, biz onda düýnki edilen arzuw, şu günki hakykat! Biz – arzuwyň hut özi. Ýöne ýene bir zat bar, ähli zat nobatlaýyn. Bizem öz gezegimizde täze ýyly täze ýalkym, güler ýüz, täze şowhun, joşgun bilen garşy almagymyz gerek. Täze ýyl saçaklara bereket paýlaýar, her bir maşgala agzybirlik, bagt, gülki, täzelik, terlik, päklik, arassalyk paýlaýar. Sagbol, ene zemin, bizi ömürboýy täze arzuw bilen ýaşadýanyňa! Zemin baky, arzuwlar baky. Baky arzuwlaryň goýnunda ýaşaýan  nesiller baky!

 

Parahat GARABAÝEW,

Görogly etrap medeniýet bölüminiň

“Kerpiçli” oba medeniýet öýüniň müdiri,

etrap medeniýet bölüminiň Ilkinji

Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar