TÄZE ÝYL – BAÝRAMLARYŇ SERESI

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara, hoş habarlara beslenip, halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdyrýar. Ýurdymyzda gazanylýan üstünlikler, ýagty geljegi nazarlaýan aýdyň maksatlar döwrümiziň bereket bolçulygyndan, ýurdumyzyň asudalygyndan habar berýär. Şan-şöhraty dünýä ýaň salan ata ýurdumyzyň toý-baýramlary uludan tutulýar. Bütin adamzadyň uly ruhubelentlik, ak arzuwlar, päk niýetler bilen sabyrsyz garaşýan Täze ýyl baýramçylygy ýetip geldi. Bu ajaýyp baýramyň esasy aýratynlygy – älem-jahana nur paýlaýan garyň ýagmagy, adamlaryň bir-birege sowgat bermegi, ýüreklerinde ýagşy arzuw-umytlar beslemegi bilen has-da ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Aýdyň geljegimiziň ertirki eýeleri bolan bagtyýar çagalaryň ülkeler aşyp gelýän Aýazbabadyr Garpamyga sabyrsyzlyk bilen garaşmagy, olara özleriniň  arzuwly hatlaryny  ýollamagy, dürli jäjekler bilen kemsiz bezelen arça agajynyň ajaýyp öwüşgini her bir adamyň kalbynda ýakymly duýgulary oýaryp, ruhuňy göterýär.

“Täze ýyly nähili garşylasaň, tutuş ýyly edil şonuň ýaly geçirersiň” diýen aýtgy adamlaryň aňyna ornapdyr. Bereket bolçulygyna, şan-şöhrata beslenip, tamamlanyp barýan ýylymyzda ýetilen belent sepgitler geljek 2023-nji ýyly halkymyza rysgal-döwlet eçilip, düşümli ýyllaryň biri boljakdygyny buşlaýar.

Şu pursatda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, eziz Diýarymyzyň her bir raýatyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn ! Eşretli zamanada halkymyzy bagtyň goýnunda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent sepgitlere sary rowan işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýärin !

Täze ýylyňyz düşümli bolsun!

 

Jennet GULMYRADOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar