“ARASSA TEBIGAT – SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY”

Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassa bolmagy, diňe bir ynsanyň jan-saglygyna oňaýly täsirini ýetirmän, eýsem, ähli janly-jandarlaryň ýaşaýşyň zerurlyklarynyň biri bolmagynda galýar. Çünki, ekologiýanyň arassalygy ömrüň uzalmagydyr, ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr. Gün dogup, gün ýaşyp, dört pasyl özleriniň özboluşly gylyk-häsiýetleri we aýratyn owadanlyklary bilen bir-biri bilen çalşyp durýar. Dünýäniň ýüreginde ýerleşýän güneşli, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz ekologiýa taýdan arassalygy, sähraýy tebigatda bitýän ähli ösümlikleriň jana tenekarlygy bilen dünýäni haýrana goýýar. Türkmen topragynyň dagynda, düzünde, sährasynda ýaşaýşa bolan umydyňy artdyrýan egsilmez güýç, ruhlandyryjy gudrat bar.

Ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir !” diýen ynsanperwer ýörelge durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen şypahanalar hem tassyklaýar. Mineral suwly “Berzeňňi” şypahanasy, döwrebap “Arçman” şypahanasy, türkmen tebigatynyň bejerijilik gudratyndan peýda bolan “Ýyly suw” şypahanasy, günüň ultramelewşe şöhlesiniň düşüşiniň ekwiwalentiniň aýratyn tapawutlylygy bilen ynsan saglygyna şypa berýän “Baýramaly” şypahanasy bilen bir wagtda, “Farap”, “Mollagara”, “Daşoguz” şypahanalary adam saglygynyň goragynda hyzmat edýär.

Ýakynda Diýarymyzyň ähli  künjeginde Arkadagly Serdarymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda güýzki bag ekişlik möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde al-ýaşyl bürenip oturan arçalarymyz, hoşboý ysly, dürli reňkdäki bägüllerimiz gözel Diýarymyza has-da öwüşgin çaýýar. Adamyň ruhuny galkyndyrýar. Arassa ýurdumyzda, türkmen topragynda ýaşaýan her bir raýatyň daş-töweregini arassa saklap, bagy-bossanlyga öwrüp, agaç nahallaryny oturtmak, ideg etmek, ýetişdirmek her bir raýatyň borjudyr.

Ýurdumyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn !

 

Azada ORAZOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar