HÜNÄR EÝESINI EZIZ EDER

Tutuş ýurduň ykbalyna dahylly bolmak, halkyňa, il-güne, ata-eneňe wepaly perzent bolup ýetişmek durmuşyň iň uly bagtydyr. Ine, bu garaýyşlardan ugur alyp, öz ykbalyny ýurduň ykbalynda görýän, öz bähbidinden halkyň bähbidini üstün goýýan, ýürekleri hemişe Watanym, halkym diýip urýan Arkadagly Serdarly döwrümiziň ýaşlary tüýs Türkmenistan döwletimiziň ýagty ertirlerini döretjek ynsanlardyr.

Uly işlere dahyllylyk, sowatlylyk, başarjaňlyk ýaşlara mahsus bolmaly häsiýetler. Munuň üçin ýaşlykdan öňüňde uly maksatlary goýup, şoňa ýetmegiň ugrunda ylym-bilim almak we kämilleşmek, ahyrky netijede bolsa, bir kesbiň eýesi hökmünde ussat hünärmen bolup ýetişmek hökmany gerek. Biziň pikirimizçe, bu hakykata göz ýetirmek üçin köp wagtlap oýlanmagyň ýa-da maglumat gözläp, kitaplary agtarmagyň kän bir zerurlygy ýok. Çünki, adamzadyň taryhy tejribesi, gazanan uly üstünlikleri geçmişde irginsiz zähmetiň, sowat almagyň netijesinde, aň-düşünjäniň ösmeginiň we hünär öwrenmegiň ynsany şu derejelere ýetirendigini doly subut edýär.

Şu ýerde ýene bir zada üns çekmeli — şeýle taryhy döwürde kär öwrenip, bilim alyp, zähmet çekip, uly işleri eden we taryhyň sahypalarynda at goýan meşhur şahsyýetler ýaşap geçipdirler. Olar hünärde ussatlyk derejesine ýetip, döwletiň, jemgyýetiň ösüşi üçin zähmet çekipdirler, uly mertebä mynasyp bolupdyrlar. Munuň özi, adamzat ösüşiniň geljegi bolan ýaş nesillerde şolara bolan uly höwesi döredýär, gaýraty güýçlendirýär. Sebäbi, häzirki günde ýaşlar şeýle şahsyýetleriň biri bolup ýetişmegi arzuw edýärler (hut öz tejribämde bolan hakykat). Bu bolsa ýaşlardan ylym-bilim almagy, ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmegi hem-de öz kesbini we ussatlygyny halkyň geljegi üçin ulanmagy talap edýär.

Geçmişde ata-babalarymyz «Hünärli ýigit — miweli agaç» ýa-da «Hünäri ýok kişiniň, netijesi bolmaz işiniň» diýip, türkmen halkynyň hünäre, ylym-bilime bolan garaýyşlaryny beýan edipdirler. Bu ýöne ýere däl. Şahyrdyr ýazyjylaryň käbir eserlerinde sowat alyp, hünärli bolup, taryhda yz galdyryjy işleri etmeklige ömrüň manysy hökmünde garalýar. Hawa, ömrüň manysy. Bu barada köp neşirlerde okapdym. Olaryň mazmunynda görkezilen dürli garaýyşlarda ömrüň manysy — bu uzak ömür, gowy ýaşamak ýa-da bagtly bolmak... diýip aýdylýar. Emma munuň özi bärden gaýtma bolar, pikirimçe. Watana wepaly, käriňe ussat hünärmen bolup ýetişip, ýurduň belent ösüşlerine goşant goşsaň, oňa ýetesi, ondan ýokary näme bar?! Ine, ömrüň manysy, mazmuny we gymmaty. Diýmek, Gahryman Arkadagymyzyň: «Okuwçylar we talyp ýaşlar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň — röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmalydyrlar» diýen ýörelgesinden ugur alyp, öz geljegimizi görýän hünärimiziň eýesi hökmünde il-güne, ata Watana bolan söýgimizi Türkmenistan döwletimiziň ösüşi üçin durmuşa geçirilýän uly işlere goşýan goşandymyzda görkezmek, biz — ýaşlaryň öňde goýan baş maksadymyza öwrülmelidir.

Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Jumamyrat GUTLYÝEW,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň

maliýe we ykdysadyýet bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Iýun 2024 | 46 okalan

ÇÄJIŇE BEREKET, EDERMEN GALLAÇY!

21 Iýun 2024 | 28 okalan

DAŞOGUZDA MUZEÝE GEZELENÇ GURALDY