MILLI MIRASYMYZ — HALKYMYZYŇ GENJI HAZYNASY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň hem-de Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäheriniň çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň gatnaşmagynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp çagalaryň taryhymyz bilen ýakyndan tanyşmagyny, çuňňur öwrenmegini gazanmak maksady bilen “Milli mirasymyz — halkymyzyň genji hazynasy” atly gezelenç çäresi guraldy.

Gezelençde çagalar geçmiş taryhymyza degişli bolan dürli eksponatlar, maglumatlar, gadymy el işleri, şaý-sepler, öý goşlary, tebigatyň gözelligine gözellik goşýan öý we çöl haýwanlary, taryhy çeşmeler hakynda söz açýan arheologik tapyndylar, fotosuratlar hem-de halkymyzyň buýsanjy hasaplanýan şahslarymyzyň suratlaryna syn etdiler. Ýurdumyzyň geljegi bolan çagalar gyzykly geçen gezelençde geçmiş taryhymyz barada gyzykly maglumatlary öwrenendiklerini uly buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Baý medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyş bolmaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Gülruh ATABAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar