Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrap häkimligi, beýleki jemgyýetçilik guramalary, etrabyň medeniýet bölümi bilen bilelikde etrabyň medeniýet merkezinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň gözbaşy Bitaraplyk» ady bilen maslahat geçirdi.
Onda il sylagly ýaşulular, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň wekilleri we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, bu gün Watanymyz ýer ýüzünde asudalygyň, dost-doganlygyň dabaralanýan mekany, dünýäniň ähli halklarynyň asuda we bagtyýar ýaşaýyşyna gönükdirilen möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde tanalýandygy barada bellemek bilen, durmuşa geçirilýän şol belent maksatlar, netijeli işler bolsa, halkara derejesinde uly gyzyklanma we goldawa eýe bolýar diýip çykyş edenler uly buýsanç bilen bellediler.
Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda täze sepgitlere ýetmegi ugrunda alyp barýan beýik işleriniň mydama üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Soltanmyrat ALLABERENOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.