Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň bilelikde guramagynda Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda Türkmen alabaýynyň baýramy hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny dabaralandyrmak, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplygymyzyň belent joşguny, toýlara besleýär eziz Watany!» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi.
Oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, mährem eneler, il sylagly ýaşulylar gatnaşdylar. Çärede Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet merkeziniň aýdym-saz sungatyna höwesjeň ýaşlaryň ajaýyp aýdymlaryna uly orun berilip çärä gatnaşanlarda ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlary döretdi.
Çärä gatnaşyjylar öz halkyna baky bagtyýarlygy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Begli ISGENDEROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap
Geňeşiniň başlygy.