SALLANÇAK BAGY

Türkmeniň ata-babalaryndan gaýdýan baý mirasy bar. Taryhda tas ýiteňkirlän milli däplerimiz, ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimiz  täzeden dikeldildi we ýaş nesillerimize ýetirildi. Şu çaklaňja işimizde ynsanyň hemişe öz arzuw-umytlaryny baglan ak bäbeginiň sallançak bagy barada söhbet açmagy makul bildim.

Sallançagyň bagyny,

Tutan elleriň, eje.

Dert görmesin ylaýym,

Seniň elleriň, eje.

Sallançaga ene-mamalarymyz sünnäläp, alajaly sallançak bagyny  örüpdirler. Alaja bagyň ýörite sallançaga dakylýan ýerinde halkajygy bolup, ol sekiz, on üç we on alty örümden edilipdir. Hotazlanyp gözmonjuklar bilen bezelen alaja bagy hemmäniň ünsüni özüne çekipdir.

Şeýle hem, ak bäbejigi gözden, dilden gorap saklaýar diýip, ynam edilipdir. Oňat niýet aňladýany üçinem bäbek gutlamaga-da alajaly sallançak bagy hem sowgat edilipdir. Alaja bagyna düýe ýüňünden ýüpek egrilip örülipdir. Ol hem ýöne ýere däldir. Çünki, düýe keramatly, derde derman berýän pirli, güýçli haýwan hasaplanypdyr.

Mirasymyza sarpa goýmak, ata – babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli-mirasymyzy dikeltmek, olary ýaş nesillerimize ýetirmekde Arkadagly Serdarymyz uly işleri durmuşa geçirýär. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn !

 

Tahyr TIRKEŞOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 48 okalan

HÜNÄRLI NESIL – RÖWŞEN GELJEK

26 Sentýabr 2024 | 33 okalan

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ BASKETBOL ÝARYŞY

26 Sentýabr 2024 | 38 okalan

GARAŞSYZLYK – ALNYMYZYŇ AK BAGTY