SANLY YKDYSADYÝET ULGAMY

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda eziz Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, elektron senagatyny kämilleşdirmekde, dünýäniň iň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Hususan-da, häzirki wagtda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda: “Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris” diýip belledi. Munuň özi bize uzak ýyllary nazarlaýan we bu Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmäge, Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga ruhlandyrýar. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ähli pudaklaryna we edara-kärhanalara sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak, innowasion ösüşi çaltlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ösüşiň döwrebap ugry sanly ulgam bolup durýar. Bu ugurda kämil hünärmenler taýýarlanylyp, işiň sazlaşykly ýola goýulmagy üpjün edilýär. Sanly ulgam uzak aralykdan maslahatlary geçirmäge, resminamalary elektron görnüşde dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň belent derejelere çykmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri daýym rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin !

 

Abul HAÝTBAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Öňki makala

SALLANÇAK BAGY

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 48 okalan

HÜNÄRLI NESIL – RÖWŞEN GELJEK

26 Sentýabr 2024 | 33 okalan

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ BASKETBOL ÝARYŞY

26 Sentýabr 2024 | 38 okalan

GARAŞSYZLYK – ALNYMYZYŇ AK BAGTY