GÖROGLYNYŇ ILDEŞI (Hekaýa)

Iş wezipäme degişli bir mesele bilen goňşy Gazagystan döwletinde iş saparynda bolmaly boldum. Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçen ýygnaga gatnaşyp, ýygnak gutaransoň bolýan myhmanhanama gaýtmakçy bolup, ýoluň gyrasyna çykanym hem şoldy welin:

-Essalawmaleýkim-diýip, kimdir biri maňa arassa türkmençe salam berdi. Seretsem orta boýly, kyrk-kyrk bäş ýaşlaryndaky eginlek bir gazak adamy maňa ýylgyryp, seredip dur. Men onuň salamyny aldym. Saglyk-amanlyk soraşdyk. Ol:

-Türkmenistanly garyndaş, maňa Adybek Jumahanow diýýärler. Ýaňy sizi ýygnakda gördüm. Eger-de kyn görmeseňiz sizden kiçijek bir zady haýyş etmekçi-diýdi. Men:

-Baş üstüne, bizden bitmeli haýyş bolsa, asyl eglemeris-diýdim.

-Onda türkmen garyndaş, men sizi öz öýüme myhmançylyga alyp gitmekçi. Öýümize baryp, duzumyzy dadyp gitseňiz, gaty minnetdar bolardym. Men birbada näme diýjegimi bilmedim. Ýöne başda söz beremsoň, onuň teklibini kabul etmeli boldum. Onuň maşyny taýyn eken, wagt ýitirmän ýola düşdük. Ýarym sagat töweregi ýol geçendiris, maşynymyz şäheriň etegindäki köçeleriň birine girip saklandy. Adybek:

-Myhman düşüberiň geldik-diýdi. Men maşyndan düşdüm. Adybek uly derwezäni açdy-da maňa:

-Sen giriber, men maşyny saljak-diýdi. Men howla girdim. Gelşiklije, arassa howlynyň düýbüräginde ýörite üstüne kölege düşer ýaly edilip goýlan sekide bir gazak gojasy otyr. Adybek maşyny howla salyp, goja ýüzlendi:

-Kaka, ine, myhman getirdim, seniň ýene bir türkmen doganyň salama geldi-diýdi. Muny eşiden goja ýerinden turup bize tarap ýöneldi. Men:

-Essalawmaleýkim, atam-diýip, ol garryja aksakgal gazak gojasy bilen iki elläp görüşdim. Goja meniň elimi wagty bilen goýbermedi. Uzak wagt saglyk-amanlyk soraşdy. Soňra ogluna:

-Hany, bol basym, tijeniň, men türkmen doganym bilen bir oturyp gök çaýyň başynda söhbet etjek-diýdi.

Salymyny bermän sekiniň üstüne körpeçe ýassyk getirdiler, saçak ýazyldy. Ortany dürli-dümen ir-iýmiş, näz-nygmatdan doldurdylar. Biz saçak başyna ornaşdyk. Goşa çäýnege gök çaý demläp getirdiler. Goja:

-Al, inim, çaý içip otyr. Bu gün meň üçin gaty şatlykly gün boldy. Bir türkmen doganym bilen didarlaşmak miýesser etdi. Sen inim, meniň dogan diýen sözümi geňleme. Ähli türkmen maňa dogan diýsem hem öte geçdigim bolmaz. Men:

-Ýok, geň galamok, atam. Aslynda-ha ähli adamzat biri-birine dogan eken. Barymyz Adam ata bilen How enäniň perzentleri ahyry-diýdim.

-Dürs aýtdyň şuny, gaty dürs. Ýöne meniň türkmene dogan diýmegimiň özüne ýetik bir sebäbi bar. Ine, gök çaýyň başynda men saňa ony gürrüň beräýerin. Goja çaýyndan owurtlady-da, käsesini ýerde goýdy. Soňra ýuwaşjadan gürrüňe başlady.

***

-Inim, maňa Mirzagaly aga diýýärler. Segsen ýedi ýaşyň üstünde. Biz häzir Astanada ýaşaýas. Meniň ýaşlygym Jambylyň eteginde, çölde geçdi. Kakama Jumahan diýýärdiler. Görgüli iliň düýelerini bakyp, bizi eklärdi. Garybrak ýaşaýardyk. Men on iki-on üç ýaşlarymda bolsam gerek. Günleriň birinde biziň ýaşaýan ýerimiziň golaýynda bir uly gurluşyk başlandy. (Soň görüp otursak harbylar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurýan ekenler). Şol gurluşykçylaryň bir toparyna Baýram aga diýen bir türkmen ýolbaşçylyk edýärdi. Keşbi häzir hem göz öňümde. Uzyndan gelen, daýaw, gara gözleri ýanyp duran, murtly pyýada ilki çekinibräk: «Gelneje, bir sowujak çal içip bolmazmyka?» diýip ýüzlenipdi. Soň Baýram aga kakamyň iň ýakyn hemrasyna öwrüldi. Gaty alçak, gürrüňçil adamdy. Ýaltanman bize «Göroglyny» gürrüň bererdi. Hezil edip sesimizi çykarman, oturyp diňlärdik. Şol günler biziň üçin iň hezil günlerimizdi. Günleriň birinde biziň maşgalamyz üçin gaty gynançly waka boldy. Kakamyň bakýan sürüsinden üç sany düýe ýitdi. Kakam pahyr on günläp öýe gelmän gözlese-de, düýelerden derek tapyp bilmedi. Düýeleriň eýesine Nowruzaly diýerdiler. Bir aýagy agsagrak, keltejik, togalajyk pyýada «Nowaş agsak» hem diýerdiler. Baý, kakama azar berd-ow. Kakamdan zat alyp bilmejegine gözi ýetensoň, ol hasaplaşmagyň başga tärini tapdy. Onuň bir inisi bardy. Köken diýerdiler oňa. Köken agasyna ýüzlenip «Jan agam, şol üç düýäňi dört edip gapyňa çökereýin. Ýöne şol çopanyň uýasyny maňa alyp ber. Onuň ýaly owadan perini sypdyrsak, armanly geçerin» diýenmiş. Düýelerini nädip gaýtarjagyny bilmän ýören Nowaş agsagyň ýüzi ýagtylyp gidipdir. Ol kakama «Jumahan, menem-ä garaşma kemini goýan däldirin. Ýöne sen tarapdan hiç gelen zat ýok. Sen gowusy, jigiňi meň inime ber, şeýdipjik üzülşeli» diýipdir. Kakam oňa ýalbarmaga başlapdyr. Ýöne agsak diňlemek hem islemändir. «Biz üç günden geleris, taýyn bolup oturyň» diýip, haýbat atyp gidipdir. Aýdylan güni olar üç atly bolup geldiler. Nowaş agsak «Jumahan, biz geldik, hany wagt ýitirme-de, uýaňy Kökeniň syrtyna mündür» diýdi. Kakam, ejem, gelnejem, daýzam, bary ýalbaryp başladylar. Muňa Nowaş agsak hasam öjükdi, «Jigiňe ak pata berip ugratmaga derek, siziň diýip duranyňyz nämeý?». Soň ýanyndakylara «Hany, garantgy ýaly bolup oturmaň-da, gyzy çekiň atyň syrtyna» diýip, hemle atdy. Turdy bir galmagal, olar ejekemi alyp gitmekçi bolýarlar, biziňkiler bermejek bolýarlar. Birden arka tarapdan:

-Bu näme boldugy? Hany, bes ediň-diýen haýbatly ses eşdildi. Görsek, Baýram aga iki elini jübüsine sokup, seredip dur. Onuň boý syratyndan, haýbatly sesinden sussy basylan Nowaş agsak gorkanyny duýdurmajak bolup:

-Bu iki arada saňa näme bar? Bar, işiň bilen bol. Ýogsam bu ýerler bir çöl ýerleri, ýitäýmegiň, tapylmazlygyň mümkin-diýdi.

         -Adam iňňe däl ýiter ýaly. Onsoňam men janyndan gorkup ýaşaýanlardan däl. Galanynam näme alynyň ala meýdany görkezer-diýip, Baýram aga göni Nowaş agsagyň ýüzüne seretdi. Bu wagt onuň ýüzi gaty gazaplydy. Oňa täsir edip bilmejegine gözi ýeten agsak şermendelige tutdy.

-Onda näme bu meň bilen kyýamatda haklaşsynmy? Ýitiren düýelerini tapsyn. Meň näme meýdanda ýatan zadym barmy? Baýram aga giň göwrümlilik bilen jogap berdi:

-Sen gardaş şunça garaşypsyň, ýene bir hepde möhlet ber. Eger şoňa çenli baryp hasaplaşyp bilmese, Jumahan agaň özi jigisini alyp barar.

Bir hepdäň içinde kakamyň hasaplaşyp bilmejegine gözi ýetip duran Nowaş agsak eýýäm özüni ýeňiji saýyp, jomartsyrady.

-Seň myhman hatyraň üçin eglişik edeýin, göni on bäş gün möhlet berýän, galanynam özüňiz gowy bilýäňiz-diýip, it ýylgyryşyny edip, ugramak bilen boldy. Baýram aga:

-Hany, sizem beýdişip durmaň, öýleriňize giriň. Jumahan aga, ýör, çaý başynda bir kelle döweli, belki bir alajyny taparys-diýdi. Içerik girdiler, çaý demlendi, ýöne kakamdan bir agyz hem ses çykanokdy. Şol aşak bakyp oturuşydy. Ahyry Baýram aga:

-Jumahan aga, bizde «Zyň almany ýokaryk, ýere düşýänçä ýa pelek» diýen bir nakyl bar. Entek öňümizde on bäş gün bar. Enşalla, bir alajy tapylar. Gam çekip oturma-diýip, kakama göwünlik berip, hoşlaşyp gitdi. Şondan bäş gün geçendir-dä, Baýram aga ýylgyryp gapydan girdi. Salam-helikden soň kakama ýüzlenip:

-Jumahan aga, şol düýeleri pula geçireňde näçeräk bolarka?-diýip sorady. Kakam:

-Aý, hersi iki ýüz-iki ýüz elli tenge töweregi bolar diýdi. Baýram aga goltugyndan bir desse pul çykardy-da:

-Şundan sana-da, al geregiňi-diýdi. Emma kakam pula elini uzatmady:

-Onsoň men seniň bilen nädip üzlüşeýin. Barybir men onçany üzüp bilmerin. Jigimiňem indi birneme ýüregi düşüşdi. Kysmatyna kaýyl bolup otyr. Baýram aga hezil edip güldi:

-Wah, Jumahan aga, men onuňam aladasyny edip goýdum. Häzir barýas-da, ol agsak bilen hasaplaşýas. Soň bakýan düýeleriňi eýelerine tabşyrýaň. Seni gurluşyga sakçy edip işe alýan, işlejek diýse, iniňem alaly. Gowy hak tölenýär. Biriňiziň aýlygyňyza eklenersiňiz, biriňiziňkiden karzyňy üzersiň, şeýdip, arkalaşybermeli-dä, agam.

Muny eşiden kakam Baýram agany gujaklap, aglap goýberdi. Men ömrümde kakamyň gözünden ýaş çykanyny görmändim.  Kakam:

-Inim, sen hakyky Göroglynyň nesli, ýok, hut Göroglynyň özi ekeniň, sagbol, jan inim, men saňa bir ömür bergili-diýip, hamsygyp özüni dürsäp bilmän kän oturdy. Baýram aga:

-Goýuň aglamaňyzy, erkek adama gözýaş çykarmak ýaraşmaýar. Hany, ýör ol agsagyň ýanyna gideli-diýdi.

Nowaş agsak Baýram aga bilen kakamyň beýle wagtyndan öň gelmesini geň görüpdir. Öňüne pul goýlansoň-a, hasam birhili bolupdyr. Ýalandan gülen bolup:

-Türkmen, çölden gyzylly hum tapdyňmy?-diýipdir. Baýram aga:

-Ýok, gardaş, bizde gyzylam ýok, gyzylly humam. Ýöne ondan hem gymmatly zat bar.

-O näme zatka?-diýende, Nowaş agsagyň gözleri ýaldyrap gidipdir.

-Oňa, gardaş, adamkärçilik diýilýär, birek-birege sylag-hormat diýilýär. Ýöne sen o zatlardan gaty daşdaky adam. Düşünmezligiňem mümkin. Baýram agaň her sözi içinden ok bolup geçse-de, agsak syr bildirmän ýylgyryp otyrmyş.

Ine, şeýdip, meniň kakam Baýram aga bilen dogan bolupdyr. Pahyr düşekde ýatyrka, «Oglum, türkmen görseň myhman algyn, çünki olar seniň doganlaryňdyr»-diýip wesýet edipdi. Menem ogullaryma şol wesýeti edýän. Ogullarymyň atlary hem Genjimbek, Möminbek, Adybek goýdum. Eger ýoluň düşse, hökman gelgin, bu öý doganlaryň öýüdir-diýdi. Meniň gadyrly garşylanyp, hormatly myhman hökmünde kabul edilmegimiň sebäbine indi düşünip galdym.

Men hoşlaşyp gaýdan mahalym bu mährem gazak maşgalasy meni edil öz doganlaryny ugradýan ýaly, yssy mähir bilen ugratdylar.

 

Kemal SABYROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 75 okalan

WATANYMYZYŇ BAGTYÝAR NESILLERI

19 Iýun 2025 | 51 okalan

ÝURDUMDA ÝAŇLANÝAR ÇAGA GÜLKÜSI