“ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLY”

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şu ýylymyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy ähli ýaşlarymyza bildirilýän uly ynamdyr. Bu uly ynam ýaşlary ylym-bilim öwrenmäge, kämil şahsyýetler bolup, döwletimiziň ösüşine goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň durmuşyny özgerden taryhy wakalar amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň gatnaşmagynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny kämilleşdirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy, Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, bu Gurultaýyň dowamynda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyş etmegi we onda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem-de ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde öňde durýan wezipeleriň kesgitlenilmegi türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin ädilen ädim boldy.

Ýaşlar hakynda alada etmek, olaryň ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugur şu günümizi, aýdyň geljegimizi nazarlap, ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolmagyny üpjün edýär. Arkadagly Serdarymyzyň: “Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar” diýen parasatly sözlerinden görnüşi ýaly, ýaşlar ruhubelentlik bilen üstünlik gazanýarlar, ylym-bilimde, sportda öz başarnyklaryny görkezýärler. Munuň özi onuň kämilligini, döwletimizde alnyp barylýan syýasatyň oňyn netije berýändigini aýdyň beýan edýär.

“Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan bu ajaýyp işler döwletimiziň geljegi bolan ýaşlar barada edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiz: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýmek bilen, ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrýar. Bu günki günde bagtyýar ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolmaklary üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky aladalaryny iş ýüzünde amal etmek maksady bilen, wagyz-nesihat, düşündiriş, öwüt-ündew çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler özüniň oňat netijesini berip, ýaşlarda watansöýüjiligi kemala getirýär, ylym-bilime gyzyklanma döredýär.

Şu ýylyň şygarynyň ýaşlar bilen bagly bolmagy, ähli türkmen ýaşlaryny 2023-nji ýylda has tutanýerli zähmet çekmäge, eziz Diýarymyzyň belent sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy, biz – ýaşlara bildirilen uly ynamyň nyşany bolup, bu belent ynama mynasyp jogap gaýtarmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Bize bildiren uly ynamy üçin Türkmenistan döwletimiziň ähli ýaşlarynyň adyndan Arkadagly Serdarymyza egsilmejek hoşallyklarymyzy buýsanç bilen beýan edýäris.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar