GADYMY SENET — MÜDIMI SENET

ÝIGIDI HÜNÄR TAPLAÝAR

Halk hikmetinde aýdylyşy ýaly, eli hünärli adamy uly il tanaýar. Milli senetçiligimiziň gadymy görnüşleriniň biri bolan demir ussaçylygy bilen meşgullanýan, Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy Batyr Durdymedow hem hünärli elleriniň arkasyndan iliň diline düşmegi başardy. Onuň Hudaýar ussadan, babasy Aman ussadan öwrenen pirli senedini häzirki wagtda ogullary Jepbarberdidir Möwlamberdi mynasyp dowam etdirýärler. «Ata kesbi ogla halal» diýleni. Häzirki wagtda Jepbarberdi Durdymedow welaýatymyzda ökde demirçi ussa, ezber nalçy hökmünde adykdy. Seýisler ýyndam bedewlerine nal kakdyrmak üçin welaýatymyzyň dürli künjeginden ony ýörite idäp gelýärler.

 

«Zarň. Zarň. Zarň.»

Daňyň alagaraňkysynda töwerek-daşyň ümsümligini bozan bu ses etrap merkeziniň eteginde ýerleşýän ussahanadan däl-de, hamala alys geçmişden gelýän ýalydy. Çekijiň sesi sabanyň imisalalygynda hasam uzaklara ýaýrap, golaý-goltumdakylara ýene-de bir ajaýyp Günüň dogup gelýändigini buşlaýardy. Dünýäniň gündogar çeti kem-kem elwan öwsüp ugrady.

Ýaşdygyna garamazdan, idegli demirçi ussa hökmünde özüni ile aldyrmagy başaran Jepbarberdi her säher täze dogýan Güni ussahanasynda garşy almagy endik edipdi.

Ussanyň körükden çykaran ysajynyň agzyndaky demir bölegi gözýetimiň erňeginden göge galyp ugran Günüň bir parçasy ýaly gyzyl çog bolup durdy. Ussa ony sandalyň üstünde goýup, ýene-de çekijini inderip ugrady. Urgularyň zarby hem-de ussanyň çeýe hereketleri bilen gödeňsi demir böleginde nalyň sudury emele gelýärdi. Onuň ýasaýan agyzzyryk, üzeňňi ýaly at esbaplary, nallary, hojalyk üçin zerur bolan gurallary il içinde örän idegli.

...Kakasynyň demir ussahanasy Jepbarberdiniň oglan göwnüni has hem özüne çekýärdi. Ol kakasynyň her bir hereketini gözden salman, ussaçylygyň tilsimlerini öwrenýärdi.

Bir gün pil ýasap duran kakasy Jepbarberdini ýanyna çagyryp:

— Serkap çekiçleriň birini al! — diýdi. Jepbarberdi näme etmelidigine düşündi. Ol kakasyna pili serkaplaşmaga kömekleşmelidi. Muňa Jepbarberdiniň guşy uçdy. Kakasy ysaç bilen körükden çykaran demir bölegini sandalyň üstüne goýandan soň, onuň elindäki serkap zarp bilen demriň üstünden indi. Jepbarberdi indiki urgyny özüniň urmalydygyny bilýärdi. Onuň ýokary galan serkaby demre degende gowuşgynsyz owazlandy.

— Janlyrak!

Kakasynyň haýbatly sesi çekijiň zarňyldysy bilen garyşyp gitdi. Zarňyldap owazlanan metaldan uçan uçgunjyklar töwerek-daşa ýaýrady. Oglanyň höwesek ýüregine hem uçgun düşen ýaly, onuň soňky çekiç urgulary kakasynyň hereketleri bilen sazlaşdy.

 

«Zarň. Zarň. Zarň.»

Bir depginde eşidilýän çekijiň sesi ýürek urgusyna çalymdaşdy. Ol köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan bu kesp-käriň biziň günlerimizdäki dowamaty — onuň ýürek urgusy ýalydy.

Jepbarberdi taýýar bolan piliň eýlesine-beýlesine seredişdirip, onda özüniň goşandynyň bardygyna begendi. Işe goşandyňy goşmak, kimdir birine haýryň degýändigini duýmak, öz zähmetiň miwesini görmek ýaş oglanyň ýüreginde ýakymly duýgulary oýardy. Ol muny Täsinguş atly bedewi bilen paýlaşmak üçin teblehana tarap howlukdy. Jepbarberdiniň bir zada begenýändigini onuň gadam urşundan aňan bedewiň hereketinde, pessaý hokranmasynda ýigidiň şatlygyna kybapdaşlyk, ýürekdeşlik bardy.

— Täsinguşum, bilýärmiň, men bu gün pil ýasamagy öwrendim. Nesip bolsa, saňa öz elim bilen nal ýasaryn, seni özüm nallaryn. Şonda seniň ýyldyz syçradýan toýnaklaryň ýere degmez, çapanyňda ganat baglap uçarsyň, aýlawy baglap, meni begendirersiň!

Täsinguş oglanyň sözüne düşünen ýaly, onuň döşüne maňlaýyny oýkady.

...Gyzgyn demir ýalakçadaky suwda lasyrdap ses etdi. Ussahananyň bir burçunda başga işe gümra bolan Batyr aga ogluna baka ýalt edip seretdi:

— Oglum, oňarmadyň-ow!

Jepbarberdi kakasynyň ýüzüne seredende onuň nägileligi gözlerinde hem şöhlelendi. Ýigit bir ýalňyşlyk goýberendigine düşündi. Kakasy ýalakçadaky demir bölegini çykaryp, bir gyra oklap goýberdi.

— Hergiz ýadyňda bolsun, nal ýasanyňda demir suwda taplanýan däldir. Naly suwa salyp taplasaň, ol gaty bolup, atyň toýnagyna, aýagyna zelel ýetirýär. Harsallyk hiç kime-de gelişýän häsiýet däl welin, ussa boljagyň çynyň bolsa, oňa asla ýüz bermeli däldirsiň! Harsallyga bir ýan berseň, ol seniň endigiňe öwrülýär. Halal zähmet çekseň, il içinde idegli bolarsyň, oglum! Senedi harlamak külli günädir, iliň ynamyna-da, kesbiňe-de ikilik etmegin!

Ünssüzligi sebäpli oňaýsyz ýagdaýa düşen Jepbarberdiniň ýüzi gyzardy. Goýberilen kiçijik säwligiň ullakan zelel ýetirip biljekdigine düşünen ýigit bu wakany özüne ömürlik sapak edindi.

— ...Gardaş, habarymyzy alsaň, biz goňşy etrapdaky Gyzyltakyr obasyndan, birküç sany atymyz bar, nallatmak üçin Jepbarberdi nalçyny idäp gelendiris!

Batyr aga myhmanlaryny yzyna tirkäp, ussahana tarap ýöneldi. Öz işi bilen başagaý Jepbarberdi olaryň ussahana girenini hem duýmady.

Ogluna, onuň berdaşly elleriniň çeýe hereketlerine keseden syn edip duran Batyr ussanyň gözlerinde guwanç duýgulary şöhlelendi. Şol pursat babasy Aman ussanyň «Bedew ata hyzmat edýäniň ýedi arkasy ýamanlyk görmez» diýen sözleri gulagynda ýaňlanan ýaly boldy.

 

Gurban GURBANOW,

«Daşoguz habarlary».

Meňzeş habarlar