Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan «Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri, onda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň ugurlary we öňde durýan maksatlary «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, ýaşlaryň arasynda Watan mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Köneürgenç şäher merkezi kitaphanasynda okuwçy we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Parahatçylyk – ösüşiň möhüm şerti» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Onuň dowamynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we kitaphana işgärleri çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri hem-de ata Watanymyz Türkmenistanyň ösüşleri, toýlara beslenýän eziz Diýarymyzda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilýändigi barada uly buýsanç bilen çykyş etdiler.
Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar, döredilen giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.