KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER

«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, ýaşlary kitaphana çekmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň, Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Daşoguz welaýat Kitaphanasynyň bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Kitap okaýan dünýäni görer» atly şygar astynda gezelenç çäresi geçirildi.

Talyplar kitaphananyň bölümleri, olaryň alyp barýan işleri, gurnalan sergiler, geçirilýän köpçülikleýin çäreler bilen ýakyndan tanyşdylar. Kitaphananyň hünärmenleri bilen özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça sorag-jogap alyşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryny uly höwes we gyzyklanma bilen okadylar.

Gezelenç çäresiniň ahyrynda ýaş nesilleriň watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Sabyrgeldi BEGOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Oktýabr 2025 | 33 okalan

PARAHATÇYLYK – ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTI

21 Oktýabr 2025 | 23 okalan

KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER

17 Oktýabr 2025 | 212 okalan

BAKY BITARAPLYK — BAKY BAGTYMYZ