“ARKADAG SERDARLY EZIZ DIÝAR, AK ÝOLLARDAN ÖŇE BARÝAR” ATLY DABARALY MASLAHATY

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, “Arkadag Serdarly eziz Diýar, ak ýollardan öňe barýar” atly dabaraly maslahat geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň wekilleri, işjeň agzalary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler, şu ýylyň şygarynyň ýaşlar bilen bagly bolmagynyň ähli türkmen ýaşlaryny has-da tutanýerli zähmet çekmäge, eziz Diýarymyzyň belent sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýandygyny uly buýsanç bilen giňişleýin belläp geçdiler hem-de ýaşlaryň Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe alyp gitjekdilerini ynandyrdylar. Bu dabaraly maslahat ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi.

Meňzeş habarlar