ÝYLYMYZA BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, geçen “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzyň her bir güni toýdur-baýramlara, şanly senelere, ýatdan çykmajak wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda bitirilen işler sanardan köpdür. Ýagşy arzuwlar bilen, uly hyjuw bilen 2023-nji – “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyza” gadam basdyk.

Elbetde, bu şygar astynda başlanan täze ýylymyzyň ilkinji gününden başlap ýurdumyz şatlyk-şowhuna, uly dabara beslendi. Bu şygaryň biz – ýaşlar bilen baglanyşdyrylmagy bizi has-da buýsandyrdy, göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Ýyllarymyzyň şatlyk, hoş habarlar bilen başlamagy indi agzybir halkymyz üçin adaty durmuş ýörelgesine öwrüldi.

Ýurdumyzyň ýagty geljegini biz – ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, sagat bedenli bolup ýetişmekleri ugrunda ähli taraplaýyn giň mümkinçilikleri döredip berýär.

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň netijesinde, ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilik bilen meşgullanmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz: “Bilim bagtyýar geljegimiziň, jemgyýetiň hem-de döwletiň sazlaşykly ösüşiniň mizemez binýatlarynyň biridir” diýip belleýär. Bu aýdylanlardan ugur alyp, döwletimizde ýaşlarymyzyň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy, giň gözýetimli, zehinli nesiller bolup ýetişmegine ähli şertler döredilýär. Biz – ýaşlar hem şu döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, ak ýürekden, halal zähmet çekjekdigimize uly buýsanç bilen ynandyrýarys.

Bizi şeýle eşretli zamanada ýaşadýan, ak ertirleri nazarlaýan hormatly Prezidentimize ýaşlaryň minnetdarlygy çäksizdir. Okamaga, işlemäge, döretmäge, halal zähmet çekmäge ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn !

 

Berdimyrat KAKAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar