ÝAŞLAR – WATAN BUÝSANJY

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyly belli bir şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary esasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň şygary hem ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlara bildirilen uly ynam öz beýanyny tapýar. Arkadagly Serdarymyz “Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Bu ugurda ýerine ýetirilmeli anyk işler bolsa, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýynda tassyklanan “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapdy.

Her bir ýaş nesil dogduk Watanyny beýgeltmek, bu mukaddes we asylly işde özüni görkezmek, özünden öňki nesilleriň gazanan ýeňişleridir ýeten sepgitlerini täze belentliklere götermek hyjuwy bilen gaýnap joşýar. Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň edermen, maksada okgunly, geljege ynamly ýaşlaryna berk bil baglaýar. 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy bolsa, bu ýylky beýik ösüşlerimize bagtyýar ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn goşjak goşandyny alamatlandyrýar. Ýaşlar hakyndaky aladalary döwlet syýasaty derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garap, olara uly ynam bildirýär. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, ösüşler, belent üstünlikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Şeýle belent üstünlikler ýaşlarda watansöýüjiligi kemala getirýär. Bu günki günde buýsançly ýaşlar bilim öwrenip, döwrebap tehnologiýalara erk edýärler, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýärler. Bagtyýar ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýaly iri kärhanalarda döwlet Maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň belent ynamyny ödemek her bir ýaş nesliň mukaddes borjudyr. Biz ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşap, okamaga, döretmäge, yhlasly zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Kuwwat GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY