GADYMY KÖNEÜRGENÇ – YLMYŇ SALLANÇAGYDYR

Ýaşamak bar, ýaşamak bar. Öz öňünde maksat goýan ynsan üçin ýaşaýyş özboluşly dünýädir. Ol dünýäde ynsan öz maksadyna ýetmek ugrunda erjellik, ugurtapyjylyk bilen hereket edýär. Käte öz ýeten sepgitlerine guwanýar, käte bolsa goýberilen hatalary seljerip, geljegiň hatyrasyna dogry we anyk çözgütleri çykarmaga girişýär. Ine, şeýle ýagdaýda ylym ynsana ýardam edýär. Ylymdan ýüki ýetik adam meseläni paýhasly we dogry çözmegi başarýar. Ýöne ýerden aýdylanok ahyry, “Alymlara uýsaň açylar gözüň...” diýip.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilimi, ylmy, medeniýeti ösdürmek boýunça taýsyz tagallalar edýär. Bu barada ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ylymlar akademiýasynyň ylmy mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ol ýerde ylym bilen meşgullanmak üçin zerur şertleriň döredilmegi, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýurduň ylym kuwwatynyň berkidilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Her döwür – bir döwür. Döwür özüniň gymmatlygy bilen sarpalanýar. Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, taryhy däp-dessurlarymyzy, sungatymyzy, ylmy öwrenmek, dünýä ylmyna goşant goşan alymlarymyza sarpa goýmak ýaly asylly işler durmuşa geçirilýär. Taryh ylmy hem ýurt möçberinde ýurdumyzda aýratyn üns berilýän anyk ylmy ugurlaryň biri bolup, ony öwrenmek, halka ýetirmek we geljekki nesiller üçin gadyr-gymmatyny has-da artdyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär.

Dünýä medeniýetiniň we ylmy siwilizasiýasynyň genji hazynasyna öwrülen Mamun akademiýasy hem öz döwrüniň ösen ylmy ojagy hasaplanýar. Akademiýanyň taryhyna ser salsak, onuň gözbaşynda öz döwründe ýüzlerçe alymlary bir maksat ugrunda birleşdirip, döredijilik we kämillik kuwwatynyň artmagyna uly mümkinçilik beren iki sany ylmy merkez durandyr. Olaryň biri “Beýt ul-hikma” (“Hekimleriň öýi”) ylmy merkezi we ikinjisi “Dоrul hikma wa maоrif” (“Hekimleriň we danalaryň düri”) merkezidir.

“Beýt ul-hikma” (Hekimleriň öýi) ady belli ylym ojagy bolup, bu merkez Bagdatda IX asyryň başlarynda döredilýär. Ony halyfa Mamun esaslandyrýar. Mamun ylma, medeniýete aýratyn sarpa goýupdyr. Ol kakasy Harun er-Raşid Bagdatda halyflyk edýärkä, ýurduň Orta Aziýa we Horasan boýunça dikmesi hökmünde Merwde häkimlik edipdir. Soňra halyf bolup, Bagdada göçýär. Ol Horezmiň we Horasanyň alymlaryna hormat goýupdyr, häli-şindi pikir alşypdyr. Ylma teşnelik we söýgi Mamuny öz erkine goýmaýar. Ondan daşary halyflygyň çäklerini giňeltmekde we bar bolan çäkleri bolsa has-da berkitmekde ylmyň zerurlygy duýlupdyr. Onuň netijesinde, ol uly ylmy merkezi döredýär. Ol “Beýt ul-hikma” (“Hekimleriň öýi”) diýlip atlandyrylýar. Bu ýerde ýörite teklip bilen gelen Mawerannahryň we Horasanyň alymlary uly işleri alyp barýarlar. Olaryň hatarynda Mus al-Horezmi, Al-Faraby dagy hem bolupdyr. Esasan-da, matematika, astrologiýa, lukmançylyk, geografiýa, geometriýa ýaly ylymlara aýratyn üns berilýär. Şeýle hem, merkezde gadymy grek alymlary Platonyň, Aristoteliň, Sokratyň, Gippokratyň, Galeniň, Ýewklidiň eserleri arap diline terjime edilýär.

Birnäçe asyrdan soň, Horezmşa Mamunyň ogly Ali ibn Mamunyň teklibi bilen, 1004-nji ýylda gadymy Ürgençde “Dorul-hikma” we maorif” atly ylmy merkez döredilýär. Bu merkeziň hem çäkleri giňeldilip, edil “Beýt ul-hikma” ýaly akademiýa derejesinde hereket edipdir. Akademiýa ýolbaşçylyk etmek öz döwrüniň taýsyz ylym ussady hasaplanýan Abu Reýhan Birunä ynanylýar. Ol patyşa Ali ibn Mamunyň we onuň daýysy-ylym ussady Abu Nasr Ibn Yragyň goldamagy bilen, akademiýada ylmy hemmetaraplaýyn öwrenmäge girişýär. Netije-de bolsa, akademiýanyň at-abraýy artyp, ony alys ülkelerde hem bilip başlaýarlar. Elbetde, bu şöhrat belli bir derejede Mahmyt Gaznala ýaramadygam bolsa, ol hem barybir alymlary öz mekanyna çekýär.

XVIII asyr fransuz ensiklopediýaçylary al-Mamunyň esaslandyran ady belli akademiýasynyň işini öwrenip, ony Afinydaky Platon akademiýasyna meňzedýärler we oňa “Al-Mamun akademiýasy” adyny berýärler. Gürgençdäki “Dor ul-hikma” merkezine “Ikinji akademiýa” diýip at berilýär. XVIII – XX asyryň taryhçy alymlary tarapyndan bu akademiýa Horezm Mamun akademiýasy ady bilen taryha girizilýär. Ýeri gelende aýratyn bellesek, bu akademiýa öz işini 1017-nji ýylda Mahmyt Gaznalynyň çozuşlary zerarly tamamlaýar.

Ol akademiýany ösdürmekde Abu Reýhan Birunynyň hyzmaty has-da uludyr. Ol hususan-da, ylma hemmetaraplaýyn düşünýän zehinli alym bolupdyr. Onuň ýazan 152-ä golaý eserleriniň gynansak-da, bary-ýogy 30-a golaýy biziň döwrümize gelip ýeten. Şol eserleriň 70-si astronomiýa, 20-si matematika, 12-si geografiýa we geodeziýa degişli bolup, galan böleginiň içinden fizika, mineralogiýa, edebiýat, pelsepe, etnografiýa we taryh ýaly ylymlar eriş-argaç bolup geçýär. Biruny Orta Aziýada ilkinji bolup, lukmançylyga degişli "Kitab-e as-saydana fit tib" (“Lukmançylykda dermanşynaslyk kitaby”) eserini ýazýar. Onuň ‘Gadymy halklardan galan ýadygärlikler” atly eserinde gadymy halklaryň ýyl senenamasy, baýramçylyklary we belli günleri, däp-dessurlaryna degişli gymmatly maglumatlar jemlenipdir.

Ol şeýle hem “birinji hindşynas” hökmünde hem taryha girdi. Bu at oňa 80 bapdan ybarat “Hindistan” eseri ýazandygy üçin berlipdir. Eserde Hindistanyň taryhyna, däp-dessurlaryna we dini garaýyşlaryna degişli gymmatly maglumatlar jemlenýär. Ol bu eseri ýazmak üçin sanskrit dilini ýörite öwrenýär we Hindistana baryp, maglumatlary toplaýar. Mundan başga-da, onuň ýer şarynyň ölçegini anyklamak usuly, Günüň we Aýyň ölçegi, olaryň Ýerden uzaklygyny anyklamaga degişli maglumatlary sadadan düşnükli berip bilmegi, eýýäm ony öz döwrüniň ussat analitik alymdygyny ykrar etdi. Biruny 1009-njy ýylda Horezmşalar tagtyna çykan Mamun II hasaplanýan Abul Apbas Mamun ibn Mamunyň teklibi bilen, 1017-nji ýyla çenli köşk geňeşdary bolýar.

Akademiýanyň ýene-de bir meşhur alymy Ibn Sina. Onuň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” kitaby dünýä meşhurdyr. Ol Köneürgençde matematika we astronomiýa ylymlary bilen meşgullanýar.

Akademiýanyň alymlary Horezm ülkesiniň tebigaty, suwaryş ulgamy, minerologiýasy, ýerasty suwlary, Amyderýa deltasynyň taryhy hakyndaky gymmatly gözükdirmeleri beýan edipdirler. Akademiýanyň agzalaryndan Abu Bakr al Horazmiý, tebip Abul faraj ibn Hindu şygryýetde uly üstünlige ýetýärler.

Horezmiň taryhy, senenamasy, baýramçylyklary, däp-dessurlary, ýazuw medeniýeti, milli däpleri barada gymmatly maglumatlar olaryň zähmeti netijesinde biziň günlerimize gelip ýetýär.

Mamun akademiýasynyň alymlarynyň eserleri häzirki döwürde hem gymmatyny ýitirmeýär. Çünki orta atylan pikirler edil şol döwürlerden başlap, şu günlerimize çenli ýaşan alymlar üçin açyşlary amala aşyrmakda gollanma bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyny ylymda görýär. Ylmy ösdürmegiň aýdyň ýolunda halkymyz ägirt uly ösüşli geljegi nazarlap barýar. Bizi şeýle bagtly geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn !

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç

etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY