BAGTYÝARLYK BUÝSANJY

Ýaşlar  Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen gurşalandyr. Ýaş nesilleriň  sagdyn,  ruhubelent, bilimli bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler we oňaýly şertler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada bu günki gün ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Döredilýän mümkinçilikler, üns-alada we goldaw-hemaýat üçin ýaşlaryň ýürekden çykýan buýsançly  sözleri  Arkadagly Serdarymyzyň  adyna alkyş bolup ýaňlanýar.  “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň  1-nji sentýabrynda  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýynyň ýokary derejede geçirilmegi hem-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň  Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi döwletimizde ýaşlara berilýän ünsüň iňňän uludygyny görkezýär. Kanunda ýaşlaryň okuw, ýaşaýyş-durmuş, iş üpjünçilik babatynda öňde durýan wezipelere we onuň hukuk taýdan goraglylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şundan ugur alsak, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak jähtinden olaryň dünýäniň barha kämilleşýän bilim ulgamyna işjeň goşulmagyny üpjün etmek möhümdir. Ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny goldamak, höweslendirmek we ylma giňden çekmek esasy üns merkezinde durýar. Munda ýaşlaryň durmuş we hukuk goraglylygy, bilim almaga, saýlap alan hünäri boýunça kämilleşmäge we zähmet çekmäge bolan döwletimiziň goldaw-hemaýatynyň eriş-argaç bolup geçýändigini buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr. Baş maksat — Watanymyzyň geljeginiň kuwwaty bolan ýaşlaryň giň gözýetimli, ýokary ahlakly, watansöýüji we zähmetsöýer bolup ýetişmeklerini gazanmakdyr.

Watan ýaşlar bilen öne barýar. Ýaslar bolsa, Arkadagly Serdarymyz bilen öňe barýar. Şeýle sazlaşygy şöhratly ýylymyzyň adynda hem görmek mümkin.  2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmeginiň  hem özboluşly simwoliki manysy bar. Şu taryhy ýylymyzda hem ýaşlar Watanymyzyň okgunly ösmegi, dünýä derejesine çykmagy üçin özleriniň gujur-gaýratyny, ylym-bilimini gaýgyrman zähmet çekip, mynasyp goşantlaryny goşarlar. Bosagadan ätlän 2023-nji ýylyň mynasyp atlandyrylmagy biz ýaşlarda uly buýsanç, egsilmez ynam döretdi, täze güýç berdi. Ýaşlar syýasatynyň rowaçlanmagy ugrunda şu ýaşlar ýylynda hem gujur-gaýratymyzy gaýgyrman guramamyzyň işjeň agzalary bilen bilelikde mynasyp zähmet çekeris.

Ýaşlara we ösüp gelýän ýaş nesle ylym-bilim, sport, medeniýet, saglyk  çygrynda goldaw bermek, höweslendirmek, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ýaş hünärmenlere we telekeçilere giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş maşgalalary durmuş-ykdysady taýdan goramak, ylym we tehnologiýalar ulgamynda goldaw bermek, ykdysady özbaşdaklyk, zähmet hukuklaryny we borçlaryny durmuşa geçirmekde goldamak ýaly belent maksatlar döwletimiziň ýaşlar strategiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde öňde durýar. Munuň özi, döwletimiziň geljekde hem ýaşlar syýasatyny işjeň durmuşa geçirjekdigini we ähli babatda goldaw-hemaýat etjekdigini aýdyň görkezýär. Şeýle bimöçber aladalar ýaşlarda  buýsanç döredip, yhlasly zähmete ruhlandyrýar. Ýaşlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny ösdürip, başarýan ugurlary boýunça halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine, olimpiadalara, sport ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, ýeňiş serpaýlary bilen Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrýarlar.

Biz — ýaşlar giň mümkinçilikleriň gurşawynda bagtyýar ýaşaýandygymyza çäksiz buýsanýarys. Döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni gurşawyna işjeň goşulyşyp, Arkadagly Serdarymyzyň töwereginde jebisleşip, Watanymyzyň kuwwatly ösmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly okap, bilimimizi artdyryp, zähmet çekeris.

 

Mergen ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY