Täze ýyly garşylamak we ony guramaçylykly geçirmek Ýer şarynyň hemme ýurtlaryndaky halklarda däbe öwrülen endik bolup galypdyr. Bu oba hojalyk işleriniň başlanyşy ýa-da tamamlanyşy bilen baglanyşykly bolupdyr. Şoňa görä-de, halklaryň köpüsi Täze ýyly ýazda ýa-da güýzde garşylapdyrlar. Mydama gök öwüsýan ýolka agajy we Aýazbaba Täze ýyl agşamynyň esasy bezegi bolup hyzmat edýär. Ýolka agajy dürli görnüşdäki oýnawaçlar bilen bezelýär. Täze ýyla geçilýän gijede her öýde maşgala oturylyşygy, birek-biregi gutlamak, oňat arzuwlar etmek ýaly endikler däbe öwrülipdir. Emma Täze ýyl senesi, onuň bellenişi we dabaralandyrylyşy her bir döwletde we milletde dürli bolýar. Ilki bilen Aýazbaba barada durup geçeliň!
Aýazbabanyň haçan we nädip dörändigini bilmek gyzyklydyr. Aýazbaba takmynan iki müň ýyl ozal demirgazyk Ýewropa halklarynda peýda bolupdyr diýen maglumatlar bar. Bu ýerleriň ýaşaýjylary baýramçylyk gijeleri öz öýlerinden daşaryk çörek, et böleklerini oklapdyrlar. Şeýdip olar aýazdan gaharlanmazlygy, ekinlere, aw awlamaga zyýan bermezligi haýyş edipdirler. Bu däp-dessurlar Ýyl geçdigiçe beýleki ýurtlara hem ýaýrap başlapdyr.
Russiýada Aýazbabanyň ýanyna Garpamyk hem goşulypdyr. Garpamyk hakynda ertekiler gadym wagtlarda hem bolupdyr. Ýöne Täze ýyl baýramçylyklaryna onuň goşulmagy ýazyjy A.N.Ostrowskiniň “Garpamyk” eseri bilen baglanyşyklydyr.
Aý kalendaryny ulanýan halklarda (alžirda, Yrak, Kuweýtde, Somalide, Liwiýada we Matritaniýada) Täze ýyl iki gezek hem gaýtalanyp bilýär. Meselem, 1970-nji ýylda bu ýurtlaryň ýaşaýjylary täze aý ýylyny (354 gün) Ýanwar aýynyň 3-ne we Dekabr aýynyň 22-inde garşyladylar.
Aý-gün kalendaryny ulanýan ýurtlarda Täze ýyl senesi Ýanwar aýynyň 20-ne, 20-nji Fewral aýy aralygyndaky günleriň haýsy-da bolsa birine düşýär. Täze ýyl Hindistanyň günortasynda Mart aýynda, Demirgazygynda Aprel aýynda, günbatarynda Oktýabr aýynda, käbir ştatynda bolsa bir gezek Iýul aýynda, başga bir gezek bolsa Awgust aýynda baýram edilýär. Efiopiýada Täze ýyl baýramçylygy 10 günläp dowam edýär. Eýranda we Owganystanda hem-de Orta Aziýada Täze ýyl “Nowruz” ady bilen belli bolup 21-22-nji Martdan başlanýar.
Indi aýry-aýry ýurtlarda Täze ýyl bilen baglanyşykly däp-dessurlar barada durup geçeliň!
Goňşy ýurtlarymyz bolan Eýranda, Owganystanda – Täze ýyl bahar baýramy hasaplanylýar we ol bir hepdeläp dowam edýär. Toý lybasyndaky adamlar Täze ýyl çalyşýan gijesi (sagat 12-de) her bir adama elinde kümüş pul saklamaklyk häsiýetlidir.
Hisdistanda Täze ýyl dürli wagtlarda bellenilýär we bu gün hiç bir adam gaharjaň, igenjeň bolmaly däldir. Ýerli halk adamlaryň bu häsiýetleri bütin ýyl boýy dowam edýär diýip umyt edýär.
Täze ýyly garşylamak Italiýada diýseň üýtgeşik. Täze ýyl gijesi adamlar öýde ýerleşen gerekmejek goşlary, gaplary, mebelleri hatda krowatlary-da köçeleriň ugruna taşlaýarlar. Olar könelen zatlary zyňmak bilen Täze ýyl oňat bolýar diýip umyt edýärler.Maşgala oturylyşygy wagtynda ata-eneler çagalara jadygöýler hakynda, olaryň peçleriň turbasynyň içi bilen öýlerine girişi, çagalaryň paşmagynda sowgat goýşy barada gyzykly gürrüňler berýärler.
Çehoslowakiýada karp balygy we ondan taýýarlanan naharlary Täze ýyl saçagynyň esasy bezegi bolup hyzmat edýär. Karp balygy her bir köçede satylýar, hatda birek-birege sowgat hökmünde hem berilýär.
Iňlislerde (Angliýa) Täze ýyl baýramy beýleki döwletlerdäki ýaly dabaraly bellenilýär we hiç bir maşgala ýörite myhmançylyga çagyrylmaýar. Myhmançylyga oslagsyz barlan wagtynda, sowgatsyz barylmaýar, bolmanda kömrüň kiçijik bölejigi alynýar we ýanyp duran peçe atylýar. Kömür otjagazynyň öçmeýşi ýaly, öý eýesine oňat arzuwlar edilýär.
Netijede Täze ýyl senesi dürli ýurtlarda dürli wagtlarda bellenilýär we halklar arasynda ony garşylaýyş däp-dessurlary hem dürlüdür.
Orta Aziýada baýram XIX asyryň ahyry XX asyryň başlarynda rus we ýewropaly adamlar tarapyndan bellenilip başlanan bolsa-da soň bu Täze ýyl baýramy türkmen halkynyň durmuşyna ornaşdy. Häzirki günde Ýanwar aýynyň 1-i – Täze ýyl Türkmen halkynyň iň söýgüli we şadyýan baýramyna öwrüldi.
Täze ýylyň öň ýanynda ähli edaralarda dabaraly ýygnaklar we gyzykly arça baýramlary geçirilýär. Dabaraly ýyknaklarda geçen zähmet ýylynda gazanylan ýeňişler bellenilýär, ýyl dowamynda gowy işlän işçilere sylaglar we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar, şonuň bilen bilelikde kemçilikler, olaryň sebäpleri anyklanylýar, Täze ýyl üçin borçnamalar kabul edilýär.
Täze ýylyň birinji güni Ýanwar aýynyň 1-i baýram, dynç alyş güni türkmen halkynyň durmuşyna ornaşan oňat baýramlarynyň biri bolup galdy. Goý, mydama Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi toý-baýrama besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gülşirin MAMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni.