TERBIÝE – YNSAN KALBYNYŇ BEZEGI

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 28-nji dekabrynda täze ýyl baýramçylygy mynasybetli, bu baýramçylygy guramaçylykly geçirmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda dürli hili partlaýjy serişdeleri, ýangyn-howply maddalary ulanmazlyk şeýle hem onuň öňüni almaklyk hem-de umumy howpsyzlyk çärelerini berk berjaý etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 3-nji orta mekdebinde okaýan okuwçylaryň arasynda “Terbiýe ynsan kalbynyň bezegi” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň guramaçysy G.Berdiýew dagylar çykyş etdiler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň  başlygy.