AÝDYM-SAZLY ÇÄRE

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap häkimligi, TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, medeniýet bölümi, etrapda ýerleşýän edara-guramalary bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň “Doganlar” toý mekanynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Döwletli çagalara täze ýyl sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Medeniýet bölümi özleriniň aýdymlary, tanslary bilen çagalaryň göwnüni göterdi, Aýazbabadyr Garpamygyň gelmegi bolsa çagalaryň şatlygyna şatlyk goşdy.

Aýdym-sazly geçirilen çäräniň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizi bagtyýarlygyň, abadançylygyň we sagdynlygyň mekanyna öwüren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

 

Gülşirin MAMEDOWA,

TMÝG-niň Köýtendag etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 34 okalan

EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR

03 Noýabr 2025 | 89 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 116 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI