2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 39-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda geçiren göçme mejlisindäki tabşyryklaryny ýerine ýetirmek şeýle hem Ahal welaýatynyň “Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagy we oňa degişli beýleki köp sanly medeni durmuş maksatly binalar hakynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler “Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýip nygtaýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baş tutanlygynda täze taryhy eýýamda- gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýandygy şeýle hem täze şäheriň çäginde gurlan bilim,saglygy goraýyş,medeniýet edaralaryna we sungat binalaryna türkmeniň görnükli şahsyýetleriniň atlary dakyldy ýagny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, şäheriň merkezi seýilgähine türkmen halkynyň beýik ogly Gahryman Arkadagymyzyň ýagny, “Arkadag binasy” seýilgähi, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis,ussat atşynas, halypa seýis Aba Annaýewiň ady dakylyp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine ilhalar ynsan,ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhammet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, şeýle hem birnäçe taryhda yz galdyran meşhur tanymal adamlaryň atlary Lukmançylyk orta hünär mekdebine, Ahal atçylyk sirkine, welaýat kitaphanasyna,drama teatryna,ýörite sungat mekdebine,çagalar sungat mekdebine atlar dakylandygy barada ýaş nesliň görelde alyp okamaklary barada wagyz nesihat çykyşlary etdiler.
Feruza ALLANAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.