KÖÝTENDAGDAKY YZLAR... ÝA-DA DINOZAWRLARYŇ TEKIZ BELENTLIGI

Köýtendagyň gözel tebigaty barada köpler bilýändirler. Gadymy jeýhunyň ýakasynda tebigat jadylaýjy, sazlaşykly gözelligi döredipdir. Munda meşhur rowaýatlara baý, asyrlaryň syrlaryny saklaýan, taryhyň dilsiz şaýatlaryna öwrülen, gaýalar bilen gurşalan geň-üýtgeşik ýerler bar.

Köýtendag tebigy döwlet goraghanasy 1986-njy ýylyň iýul aýynyň 11-inde döredildi. Bu goraghana döwletimiziň iň gündogarynda ýerleşip, 27 müň 139 gektar meýdany öz içine alýar. Onuň düzümine aýratyn çäkli goraghanalaryň 3-si girýär. Olar Garlyk, Hojaýpil, Hojaburjybelent çäkli goraghanalarydyr.

Bu goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady Köýtendagyň, Magdanly pes daglygynyň we olaryň daş-töweregindäki ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan, tebigaty goramagyň, ekologik ulgamlary dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr.

***

Hojaýpil obasyndaky Dinozawrlaryň tekiz belentligi“ diýilýän täsin paleontologik ýadygärlik myhmanlaryň, syýahatçylaryň has köp gelýän ýerleriniň birine öwrüldi. Bu täsin paleontologik ýadygärligi öwrenmek, gorap saklamak maksatda, Türkmenistanyň hökümetiniň 1990-njy ýylyň awgust aýynyň 3-däki karary bilen ,,Dinozawrlaryň tekiz belentligi tebigy ýadygärlik diýlip yglan edildi we ol döwlet tarapyndan goralyp saklanylýar.

Professor W.I.Sedleskiniň çaklamagyna görä, bu sudurlarda, takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen ösümlik iýiji iguanodontlaryň we ýyrtyjy dinozawrlaryň aýak yzlarynyň alamatlary bar. Yzlaryň daş keşbi-üç barmagyň anyk bildirýän oýuk sudurlarydyr yzlaryň aradaşlygy (ýa-da ädimiň uzynlygy) 1.5 metr töweregi. Iri dinozawrlaryň boýy 8-12 metre, göwresiniň uzynlygy 5 metre, agramy bolsa 5-den 10 tonna çenli bolandyr diýlip çaklanylýar. Bu ýerde dinozawrlaryň 400-den gowrak aýak yzlarynyň bardygy anyklanyldy. Täsin tekiz belentligiň uzynlygy 500 metr, ini bolsa 260 metr töweregidir.

Obanyň ady bilen baglanyşykly dürli rowaýatlar ilat arasynda dilden-dile geçip gelýär. Indi bolsa bu rowaýatyň söhbetini diňläň!

Rowaýata görä, gadym zamanlarda Köýtendagyň gözel jülgesinde Hoja Rüstem diýen bir batyr ýigit ýaşapdyr. Ol özüniň men diýen çagynda alysdaky Hindistan şalygyna syýahata ugrapdyr. Hoja Rüstem Hindistana baryp, ol ýurtda öz batyrlygyny, edermenligini görkezipdir. Onsoň, hindi şasy oňa batyrlygy üçin, birnäçe pil peşgeş beripdir. Hoja Rüstem bolsa ýaltanman-zat etmän, şol pilleri öňüne salyp, niredesiň öz mekanym-Köýtenim diýip, daglara tarap sürüp gaýdypdyr. O zamanlarda Hoja Rüstemiň obasyny keseki ýurt basybalyjylary çar tarapdan gabap, sütem baryny berýän eken. Batyr ýigit onsoň, şol pilleriň kömegi bilen öz mähriban obasyny, mal-mülküni, garyndaşlaryny we goňşy-golamlaryny, ähli daglylary keseki ýurt basybalyjylaryň çapawulçylygyndan gorap, uly iliň alkyşyny alypdyr. Onsoň Hoja Rüstemiň öz ata-baba mülküniň daş-töwereklerinden aýlanyp-aýlanyp, öz batyr pillerini suwa ýakan çeşmelerine onuň ady galypdyr. Şol atlar bolsa şondan bäri saklanyp, hatda biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Şol atlary dakylan çeşmelerden Hojagaýnarbaba, Hojagarawul, Hojapäk, Hojaksar, Hojatarnaw, Hojaşulluk we Hojaelwan çeşmelerini görkezmek bolar.

Dogrudan-da, Hoja Rüstemiň şol mährem pilleriniň aýak yzlary gaýalyklaryň ýüzünde müdimilik galypdyr ahyryn. Rowaýatda aýdylyşy ýaly, bu aýak yzlar ýene müdimi durar. Muňa şek ýok. Onsoň, Hoja Rüstemiň ady hem häzirki durkunda galar. Ol-Hojaýpilata obasynyň ady eýýäm taryha girdi. Ýok, ol mundan millionlarça ýyl ozallar adamlaryň aňyna, taryha giripdir ahyryn. Şondan obanyň ady Hojaýpil, Hojaýpilata bolup galypdyr.

***

Hormatly Prezidentimiziň gözel Köýtendagyň tebigy ýadygärliklerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak barada alyp barýan taýsyz tagallalary bolsa, mähriban Ýurt Baştutanymyzyň türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň gymmatly baýlyklaryny goramagyň, gözel tebigatymyzy geljekgi nesiller üçin aýap saklamagyň hatyrasyna gönükdirilen örän möhüm işdir.

Hormatly Prezidentimiz,Tebigaty goramak syýasatyndaky üstünlikler, ýurduň tebigy baýlyklaryna bolan garaýşynyň düýpgöter üýtgemegi-Beýik Garaşsyzlygyň beren miweleridir. Türkmen topragynyň gözelligini geljekki nesiller üçin aýap saklamak, Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmek her bir türkmenistanlynyň borjudyr diýip, jaýdar belleýär. Bu işleri üçin Gahryman Arkadagymyza taňryýalkasyn aýdýarys. Alla jan, sizi öz penasynda aman saklasyn!

 

Sapaly beg ALLABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyňKöýtendag etrap

Geňeşiniň başlygy.