DIL BILENE – GIŇDIR DÜNÝÄ

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzda ýaşlaryň köp dil bilmegi, birnäçe daşary ýurt dilen erk etmek başarnygyna eýe bolmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirildi. Häzirki döwürde 2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda bu işler «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» we olary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly işleriň meýilnamalaryna laýyklykda mynasyp derejede dowam etdirilýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar bilen geçiren maslahatyna gatnaşmagym meniň hem ömründe aýratyn wakalaryň biri boldy. Şol maslahatda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň döwrüň möhüm talaby bolmagynda galýandygyna üns çekipdi. Bu işi ýerine ýetirmegiň iň bir netijeli ýollaryny gözlap tapmak babatda ýaşlara aýratyn orun berilýändigini belläp, hormatly Arkadagymyz talyplaryň ýaşlaryň hem pikirdir tekliplerini, başlangyçlaryny jikme-jik diňläpdi. Çykyş eden ýaşlara bu ugurda gymmatly maslahatlary beripdi. Duşuşykdan gelip çykýan teklipler soňlugy bilen hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň VII gurultaýyndaky taryhy çykyşynda öňde goýan maksatlarynda, şol gün tassyklanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelen görnüşinde hem öz beýanyny tapdy. Bu aýdyň wezipeler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşýän ynamly ýaşlaryň işjeň hem netijeli hereketleriniň, başlangyçlarynyň, ylmy açyşlarynyň netijesinde iş ýüzünde doly durmuşa geçiriler.

Ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde olaryň daşary ýurt dillerini bilmeginiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dil merkezleri açylyp, olarda daşary ýurt dilleriniň birnäçesi boýunça okuwlar alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň arasynda maglumat-aragatnaşyk usullaryna esaslanýan çäreleri geçirmekde — uzak aralykdan okatmakda, onlaýn okuwlary guramakda, toparlaýyn hem-de şahsy düzümde ders olimpiadalaryny geçirmekde, dil başarnyklaryny synamak maksady bilen ylmy-amaly maslahat häsiýetli telekörülere gatnaşmakda, maglumat çeşmesi hökmünde internete birikmekde, elektron kitaphanalardan peýdalanmakda, webinarlary geçirmekde bilim edaralaryna ornaşdyrylýan sanly ulgamyň mümkinçilikleri aýratyn ähmiýete eýedir.

Dil öwrenmek, ýaş nesilleriň üç dilde suwara gürläp bilmegini gazanmak we beýleki daşary ýurt dillerini-de öwretmegi ýola goýmak bilim syýasatynyň hem möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki zamanyň ösüş şertlerini nazara alyp, çaganyň jemgyýetde berk sosial derejäni eýelemegi, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi we üstünliklere ýetmegi üçin daşary ýurt dillerini bilmek başarnygynyň zerurdygyny aýdyp bolar. Şunuň bilen baglylykda, bilermenler ynsanyň pikirini birbada birnäçe dilde düşündirip bilmeginiň, gürleşmegi başarmagynyň aňyň işleýiş derejesini ýokarlandyrýandygyny, gözýetimini giňeldýändigini belleýärler.

Köp dil bilýän hünärmen üstünligiň has ýokary basgançaklaryna ýetip bilýär. Onuň iş mümkinçilikleri artýar.

Daşary ýurt dillerini öwrenmekde we öwretmekde okatmagyň ylmy-usulyýet esaslaryny döwrebaplaşdyrmagyň meselelerini dogry we talabalaýyk ýola goýmak hem-de okadylyşyň mazmunyny artdyrmak möhüm hasaplanýar. Ylmy-usulýet babatda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky nakyllar we rowaýatlar talyplaryň, okuwçylaryň gepleşik endiklerini ösdürmekde möhümdir. Şeýle hem şeýle çemeleşme köptaraplylygy hem-de durmuş bilen baglylygy, terjime başarnyklaryň artmagy ýaly artykmaçlyklara eýedir. Bu işjeň usullaryň üsti bilen iňlis diliniň sözlüginiň öwredilişini hil taýdan giňeldip bolar. Iňlis dili dersini öwretmekde gönükmä esaslandyrylan tär, gepleşik usullary, sanly sowatlylyk, sanly çeşmeleriň, serişdeleriň ulanylyşy bilen baglanyşykly tejribe alyşmalar bilimleri durmuşy ýagdaýlarda ulanmakda has-da ähmiýetlidir.

Dil öwrenmek meselesinde ýaş nesle has kiçi ýaşdan çemeleşmek dogry hasaplanýar. Pedagoglaryň aglabasy daşary ýurt dili bilen ilkinji hem ýönekeýje «tanyşlygyň» çaganyň 2 — 5 ýaş aralygynda ýola goýulmagyny maslahat berýärler. Bu döwür çaga bilesigelijiliginiň güýçli ýüze çykýan wagty hasaplanýar. Şonuň üçin-de psihologlar ene-atalara we mugallymlara degişli döwürde çaga oýun, hereket, multfilm, aýdymdyr goşgy esasynda daşary ýurt dillerini öwretmäge girişmegi maslahat berýärler. Wagtyň geçmegi bilen çaga şeýle usullar arkaly ýat tutan sözleriniň manysyna düşünip, daşary ýurt dilini has kämil derejede özleşdirip başlaýar. Her ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepler gurlup ulanmaga berilmegi we olar innowasion enjamlar, lingafon otaglary bilen üpjün edilmegi bu ugurdaky işlerde köp sanly mümkinçilikleri berýär. Bu bolsa mekdebe çenli we mekdep edaralarynda bilim alýan çagalaryň daşary ýurt dillerini özleşdirmegine oňyn şert döredýär. Daşary ýurt dillerini öwretmäge ýöriteleşen mekdepleriň döredilmegi bolsa olaryň degişli ugur boýunça has kämil başarnykly ýaşlar bolup kemala gelmegini şertlendirýär.

Dil bilmek halklary dostlaşdyrmakda, daşary ýurtlar bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmakda esasy serişdeleriň biri bolmak bilen, dünýä halklarynyň milli medeniýetini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, ýörelgelerini öwrenmekde-de örän möhümdir. Döwlet Baştutanymyzyň «Açyk gapylar» syýasatynyň, Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly diplomatik filosiýasynyň netijesinde bu gün Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup, ähli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlyk saklaýar. Şonuň bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyklar özüniň oňyn netijesini berýär. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan oňyn daşary syýsatyny durmuşa geçirmkede hem dünýä dillerine belet bolmak zerurlygynyň hemişe orta durýandygyny aýtmalydyrys. Bu wezipäni amala aşyrmakda Milli Liderimiziň tagallasy bilen daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarynyň ýurdumyzda bolup, türkmen talyplaryna dünýä dillerini öwredýändiklerini, onlaýn dil öwreniş webinarlaryny, teleköprüleri geçirýändiklerini buýsanç bilen bellemek bolar.

Jemgyýetimiziň we döwletimiziň okgunly ösmegini, eziz Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha artmagyny şertlendirýän täze taryhy döwürde dünýä dillerine doly erk edip bilýän ýaş hünärmenleri kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri hem daşary syýasatynda möhüm maksat hökmünde kesgitlenýär. Ýaş hünärmenleriň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri, olaryň daşary ýurt dillerinde tejribe geçip bilmekleri, özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ukybyny artdyrmagy üçin ýaşlarymyzy bimöçber üns-alada bilen gurşap alýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyz tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

 

Ogulbagt KOÇIÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň Iňlis dili we edebiýaty

fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY