Şanly ösüşleri nazarlaýan ata Watanymyz bu günki gün bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil, Watana hem-de il-ýurda wepaly, milli medeni ruhy-ahlak ýörelgelerimize ygrarly, häzirkizaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan, sagdyn we ruhubelent ynsanlar bolup kemala gelmeklerine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar barha rowaçlanýar. Güneşli ülkämizde eneligi we çagalygy goramak, çagalaryň bagtly durmuşda ýaşamaklaryny, bilim we terbiýe almaklaryny gazanmak üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda birnäçe bilim ojaklary bilen bir hatarda mekdebe çenli çagalar üçin döwrebap çagalar baglarynyň ençemesi her ýyl gurlup ulanylmaga berilýär. Dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarynda ýurdumyzyň buýsanjy bolan mähriban körpelerimiz terbiýelenýär. 2023-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Kerki etrabynyň 23-nji çagalar bagynda “Çagalaryň bagtyýarlygy-nurana geljegiň gözbaşy” atly aýdym-sazly çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, 23-nji çagalar bagynyň terbiýeçileri O.Kerimowa we G.Allaberdiýewa dagylar gatnaşdylar. Aýdym-sazly çärede çagalar bagynyň uly bag toparlarynyň körpeleri birnäçe aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.