2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi, etrabyň Merkezi kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýaşlara giňden wagyz etmek dogrusynda täsirli söhbet açdylar. Maslahata gatnaşanlar halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Gülşirin MAMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.