Mähriban Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini artdyrmakda, aýratyn-da, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmäge degişli örän wajyp wezipeler öňde goýulýar. Häzirki berkarar döwletimizde ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ählimize mälim bolşy ýaly 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edildi. Ýylyň şygarynyň ýaşlar bilen bagly bolmagy bolsa ähli türkmen ýaşlarynyň buýsanjyna buýsanç goşdy.
2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlar baradaky edilýän aladalar, olara döredilýän mümkinçilikler, bilim ulgamyndaky özgertmeleri wagyz etmek maksady bilen Kerki etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Ýaşlar döwrüň hereketlendiriji güýji” atly duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň mugallymy M.Hatamowa dagylar çykyş etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.