Halkara küşt federasiýasy (FIDE) dünýäniň täze çempionyny kesgitlejek duşuşygyň şu ýylyň 7 ― 30-njy apreli aralygynda geçiriljekdigini habar berdi.
Bu duşuşyk russiýaly Ýan Nepomnýaşçiý bilen hytaýly Din Liženiň arasynda bolup geçer. Onuň geçiriljek ýeri heniz belli däl.
Geçen ýylyň iýul aýynda Nepomnýaşçiý dünýä täjine dalaşgärleriň arasynda geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanyp, bu täç üçin göreşmek hukugyna eýe bolupdy. Onuň täç ugrundaky garşydaşy häzirki çempion, norwegiýaly Magnus Karlsen bolmalydy, ýöne ol çempionlygyny goramazlyk kararyna geldi. Şeýlelikde, onuň ornuna ikinji orundaky Ližen ýaryşa çykar.
Karlsen, aslynda, dünýäniň 16 gezek çempionydyr. Täji 2013-nji ýylda eýelän Karlsen soňra Wişi Anand (Hindistan), Sergeý Karýakin (Russiýa), Fabiano Karuana (ABŞ) we Ýan Nepomnýaşçiý (Russiýa) bilen bolan duşuşyklarda ony goramagy başarypdy.