TÜRKMENISTANYŇ HOKKEÝ ÝYGYNDYSY YSLAM DÖWLETLERI TARAPYNDAN GEÇIRILÝÄN HALKARA ÝARYŞA GATNAŞAR

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysyna 2023-nji ýylda dünýä çempionatynyň üçünji diwizionyndan daşary ýene bir iri halkara ýaryş garaşýar. Türkmen metbugaty Baýram Allaýarowyň şägirtleriniň şu ýyl Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guraljak yslam ýurtlarynyň toparlarynyň halkara ýaryşyna hem gatnaşjakdygyny habar berdi.

Hokkeýçiler iri ýaryşlara ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Golaýda ýurt derejesinde geçen ýaryş türkmen hokkeýçileriniň has-da taplanmagyna getirdi.

Yslam ýurtlarynyň toparlarynyň arasynda geçiriljek ýaryş türkmen hokkeýçileri üçin dünýä çempionatyna ýokary derejedäki taýýarlygyň möhüm tapgyryny emele getirer. Ýaryşa 14 döwletiň ýygyndy toparlary gatnaşar.

Baýram Allaýarowyň tälimçiliginde çykyş etjek türkmen ýygyndysy 20 hokkeýçiden ybarat bolar.

Bu ýaryşyň geçirilmegi hakyndaky çözgüdiň «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» halkara sammitiniň çäginde kabul edilendigini ýatladýarys.

Dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň ýaryşlarynyň şu ýylyň 17 — 23-nji apreli aralygynda geçiriljekdigini ýatladýarys.