“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Miras» teleradioýaýlymy bilen bilelikde gurnamaklarynda täze 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyz ösüşiň kämil derejesi bagta barýan ak ýollarda batly ynam bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýasy – jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran ajaýyp döwri ildeşlerimiziň tarapyndan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip ykrar edildi.Ýyly mynasyp derejede atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Ine,görşümiz ýaly, täze – 2023-nji ýyl halkymyzyň biragyzdan goldamagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edildi. Ýylyň şygaryna mahsus bolan nyşan hem tassyklanyldy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” adynda çuňňur many we mazmun bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarmyzyň saýasynda ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri,döretmekleri ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Ine taryha altyn harplar bilen ýazyljak “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” hem täze üstünliklere, beýik ösüşlere beslener.
Aýgül GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.