DÜNÝÄ DILLERINI ÖWRETMEGIŇ INNOWASION UGRY

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýarymyz bu günki gün dünýä döwletleri bilen uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan çuňňur oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barýar. Şundan ugur alnyp, ýola goýlan we giň gerime eýe bolýan döwletara gatnaşyklar syýasy hem ykdysady, şol sanda, medeni taýdan barha ösdürilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynda möhüm orun alan dünýä dilleriniň çuňlaşdyryp öwredilmegini ýola goýmak babatdaky özgertmeleri şu daşary syýasy ösüşlerimiz bilen baglanyşdyrsak, onda häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alsak, dünýä dillerini suwara bilýän hünärmenleriň örän zerur bolup durýandygyna düşünýäris. Şunuň bilen baglylykda, her birimiz Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren üç dili suwara bilmek baradaky parasatly ýörelgesini we atalyk pendini goldaýarys, şol bir wagtda bu syýasata işjeň goşulyşýarys.

Siziň ünsüňizi innowasion sözüne çekmek isleýäris. Innowasiýa – munuň özi ösüşe esaslanýan we ygtybarly bolan bilim almak üçin zerur ýeňillikleri döredýän tehnologik ugurly syýasat diýip, öz ýanymyzdan kesgitleme bersek, onda innowasiýanyň biz üçin örän zerurdygyna magat düşünýäris. Hut şu jähtden, ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem innowasion syýasat giň gerimde alnyp barylýar. Ähli bilim ojaklary dünýäniň ösen talaplaryna laýyk gelýän we okatmak, öwretmek, bilim bermek üçin özünde iňňän zerur ýeňillikleri jemleýän tehnologiýalar bilen giňden ornaşdyrylýar. Bu dünýä dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilmegi babatda ýola goýlan bilim özgertmelerini hem gurşap alýar. Dünçä ölçegli daşary ýurt dillerini ýeňillikli we çuňňur öwretmäge ýardam berýän lingofon, sinhron-terjime otaglary, interaktiw tagtalar bu günki gün ähli ýaşlaryň hyzmatynda. Ine, dünýä dillerini öwretmegiň innowasion ugrunyň möhüm jähti hem şunda.

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň kompýuterleşdirilmegi, olarda internet ulgamynyň netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, dilleri çuňlaşdyryp öwredýän beýleki multimediýa okuw-tehnologiki serişdeleriň ornaşdyrylmagy, munuň özi barha giň gerim alan we dünýä tejribelerine esaslanýan okuw-usulyýet ulgamynyň örän möhüm bölegidir. Mugallymlaryň, bilim ulgamynyň beýleki wekilleriniň dünýä tehnologiýalaryndan, hususan-da, kompýuterlerden oňat baş çykaryp bilmegini gazanmak hem innowasion ugurly syýasatyň wajyp esaslarynyň biri bolmagynda galýar. Ösen innowasiýanyň bize bilimleri, şol sanda dünýä dillerini çuňňur, ýeňillikde we gysga wagtda özleşdirip, önümçilikde ulanyp bilmegimize ýakyndan ýardam berýändigi, şu günki döwrüň hakykatydyr. Şundan ugur alsak, ýaş hünärmenler, mugallymlar, her birimiz - dünýäniň ösen isleglerini nazarda tutýan innowasion ösüşe dogry düşünip işjeň goşulyşmalydyrys. Munuň üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Arkadagly Serdarymyz her bir çykyşynda we parasatly sözlerinde ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini öwran-öwran nygtaýar.

Biz – ýaş hünärmenler şunuň ýaly tehnologiýalara doly erk edip, olaryň güýjünden we kuwwatyndan ýerlikli peýdalanyp, ýaş nesle çuňňur bilim bermegi başarmalydyrys. Bu dünýä dillerini öwretmek babatda hem şeýledir.

 

Gözel KUŞMEKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY