Diller dünýä ýol açýar. Ol älemgoşar mysaly kalbymyza nur, ýagty jahana şugla saçýar. Ýagty jahanda biz dilleriň üsti bilen söz sözleýäris, öz pikirimizi aýdyň beýan edýäris. Daşary ýurt dillerini bilmegimiz bolsa, biziň dünýägaraýşymyzy giňeldip, has-da alyslarda hem öz pikirimizi aýdyň beýan etmäge ýardam edýär. Çünki şeýle ýörelge bar: “Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam”. Diýmek, älem giňişliginde bolup geçýän wakalary, maglumatlary takyk özleşdirmekde, öwrenmekde daşary ýurt dilleri aýratyn orun tutýan eken. Muny öwrenmekde esasan-da, ýaşlara uly talap bildirilýär. Çünki ýaşlar ýurduň geljegidir, ösen ylym-bilim binýadynyň nusgasydyr.
Eýsem, haýsy ýaşda daşary ýurt dillerdäki sözleri beýnimize çalt kabul edip bilýäris? Dilleri öwrenmegiň fundamental ýaş aýratynlygy barmy? Eýsem, islendik ýaşda dil öwrenmek mümkinmi? Bu soraglara jogap gözlemek maksady bilen, ýaňy-ýakynda alymlar tarapyndan ýörite ylmy barlaglar geçirilipdir. Barlagyň netijeleri dünýä belli neşirleriň biri bolan “The Journal of Neuroscience” žurnalynda çap edilipdir. Amerikan we britan neýrofiziologlaryň geçiren barlaglary esasynda, dil öwrenilende beýniniň çalt kabul edip bilýän ýaş aýratynlygy kesgitlenilipdir.
Islendik ýaşda hem dil öwrenmek mümkin. Emma bu babatda has amatly ýaş aýratynlygy hökmünde alymlaryň barlaglary iki ýaşdan dört ýaş aralygyny görkezýär. Alymlar bu döwürde çagalaryň beýnisiniň ösüp, kämilleşip ugraýandygyny, bilesigelijilik höwesini göz öňüne tutmak bilen, olaryň gündelik öwrenen sözlerini çalt kabul edip, beýnisinde tiz bekleýändiklerini belleýärler.
Çaga dünýä inen pursadyndan başlap, daşky dünýäniň gurşawyna düşýär we önüp-ösen maşgalasynyň dil aýratynlygyna baglylykda, dil babatda kämilleşýär. Çagalar bagynda bolsa, maşgalada kemala gelýän dil öwrenmek endiklerini guramaçylykly esasda has-da berkitmäge mümkinçilik bar. Şonuň üçin bolsa gerek, dil öwretmeklige eýýäm çagalar bagyndan girişilýär. Häzirki döwürde çagalar bagynda hem eýjejik çagajyklary dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap şertlerde sowatly etmek, kämil edep-terbiýe bermek üçin amatly mümkinçilikleriň ählisi döredilýär.
Şeýlelik bilen, ösen tehnologiýaly, kämil dünýä medeniýetine goşulyşmak üçin ilki bilen oňa içgin aralaşmaga ýardam etjek daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň zerurlygy äşgär duýulýar. Häzirki döwürde kompýuter sowatlylygy bilen bir hatarda, dünýä medeniýetini öwrenmek, bu babatda ýardam edýän daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmek öňde durýan aýdyň wezipelerdigini aýratyn bellemelidiris.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.