Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň ilkinji günleriniň şanly wakalara ulaşmagy döwletlilikden, bagtyýarlykdan nyşandyr. 11-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Onda hormatly Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakyndaky hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes edip, milli parlamentimizi bir palataly ulgama öwürmek baradaky öňe süren teklibi täze taryhy döwrümizde halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesine, döwletlilik ýörelgelerine, asylly däplerine berk eýerilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Uzak geljegi nazarlap kabul edilýän taryhy ähmiýetli Maksatnamalary durmuşa geçirmegiň milli kanunçylyk binýady halkara tejribesine laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu bolsa, ýurdumyzda raýat jemgyýetini berkarar etmekde, onuň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň: “Men halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmegi teklip edýärin” diýip aýdanlary ildeşlerimiziň arasynda giň goldawa eýe boldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky bu möhüm başlangyç halkymyzyň ýagty ertirlerine ynamyny has berkidip, kalplara nur çaýýar. Halk Maslahatynyň täzeden döredilmegi agzybir halkymyzyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan dünýä nusgalyk tejribelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik berer. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýen sözleriniň durmuş hakykatyna öwrülýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Halkyň bähbidine hyzmat edýän ýokary wekilçilikli edaranyň döredilmegi ýurdumyzy ykdysady taýdan has kuwwatly döwlete öwürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Berkarar Watanymyzda milli demokratiýanyň barha dabaralanýandygyny bütin dünýä äşgär edýän hormatly Arkadagymyzyň bu taryhy başlangyjy türkmen halkynyň ygtyýarly wekillerine sarpa goýmak, olaryň abraý-mertebesini ýokary götermek, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi asyllylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, jemgyýetde agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmak, il-ýurt bähbitli meseleleriň halkyň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşyp çözülmegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.