TÜRKMENISTANLY ÇAGALARYŇ «AZIÝANYŇ ÇAGALARY» GYŞKY SPORT OÝUNLARYNDA ÇYKYŞ ETJEK GÖRNÜŞI BELLI BOLDY

Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň «Aziýanyň çagalary» atly II halkara gyşky sport oýunlarynda ýaryşjak sport görnüşi belli boldy.

Olar 23-nji fewral — 5-nji mart aralygynda Russiýa Federasiýasynyň şäherlerinde geçiriljek oýunlara şort-trek boýunça gatnaşar. Bu barada GDA-nyň internet portaly habar berdi.

Häzirki wagtda türkmenistanly çagalar bu halkara sport oýunlaryna ykjam taýýarlyk görýärler.

Ýaryşyň maksatnamasyna şort-trek, dag lyžasy, snoubord, lyžaly typmak, tramplinden bökmek, hokkeý, figuralaýyn typmak hem-de ilkinji gezek körling, fristaýl we konkili typmak sport görnüşleri girizildi.

Ýaryşa Aziýanyň döwletleriniň 20-siniň gatnaşjakdygy habar berilýär.

Ýeri gelende ýatlasak, 2022-nji ýylyň tomsunda türkmenistanly çagalar Wladiwostokda geçen «Aziýanyň çagalary» VII tomusky sport oýunlarynda şowly çykyş edipdiler.