HALK BÄHBITLI BAŞLANGYÇLAR

Ýaňy-ýakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki mejlisi geçirilip, onda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakynda taryhy teklibi öňe sürdi. Munuň özi, ilkinji nobatda, adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giň jemgyýetçiligiň goldamagy esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi döwre mynasyp watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemekde, halk demokratiýasyny mundan beýläkde dabaralandyrmakda, halkymyzyň agzybirligini berkitmekde uly ähmiýete eýe bolar. Bu wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, aýratyn-da ýaşlaryň gatnaşjakdygy il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmekde uly güýç bolar. Şeýlelikde, Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň ähmiýetini giň halk köpçüliginiň, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde giň göwrümli çäreleri geçirýäris. Häzirki galkynyşly döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir”, Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen ynsanperwer syýasatlary esasynda Berkarar döwletimiziň ösüş depgini barha rowaçlanýar. Çünki halkymyzyň asuda, abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, eşretli durmuşyň hözürini görmegi üçin döwlet derejesinde taýsyz tagallalar edilýär. Türkmen döwletiniň esasy Kanunynda — Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy barada aýdylyp, ýurdumyzda adam sarpasynyň belentde tutulýandygyna, adam hakdaky aladanyň baş alada bolup durýandygyna aýdyň alamatdyr. Şunuň bilen baglylykda biziň her birimiz Garaşsyz hem baky Bitarap diýarymyzyň pajarlap ösmegine goşandymyzy goşup, ruhubelentlikde päk ýürekden zähmet çekmelidiris. Munuň özi biziň jana-jan borjumyza öwrülmelidir. Ýurdumyzda ynsan bähbitlerini nazarlaýan, ilatyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin amal edilýän tutumlar jemgyýetde täze dünýägaraýşy kemala getirýär. Durmuş gözelligi, Watan ezizligi, bagtyýarlyk duýgusy her bir türkmen raýatynyň kalbyna rowaçlyk nepesi bilen nurlandyrýar. Şol nur hem döredijilikli zähmet çekip, okap, ylym-bilim alyp, türgenleşip, Watanyňa şöhrat getirip ýaşamagy ruhlandyrýar. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Azat HAÝYDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY