HALKYŇ AGZYBIRLIGI-DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMAGY

Türkmen halky agzybir halkdyr. Türkmen halkynyň asylly däpleri bar. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän şol asylly däpleriň biri hem bir döwletli işiň başyny başlamak isleýän halkymyz maslahatlaşyp ýerine ýetirmegidir. Türkmenistan diýarymyzda şol asylly däpler Garaşsyzlyk ýyllarymyzda hem mynasyp dowam etdirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikde geçiren mejlisi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Maslahat köşgünde “Döwlet adam üçindir” diýen ajaýyp taglymaty öňe süren Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Hökümet agzalarynyň we Milli Geňeşiniň agzalarynyň şeýle hem ýurdumyzda dürli kärlerde zähmet çekýän jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahat ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Bilelikde geçirilen bu maslahatda türkmen halkynyň döwlet gurluşy we döwleti dolandyrmak babatda köpasyrlyk toplan baý tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, halkyň durmuşyna degişli syýasy, ykdysady we durmuş meseleleriniň halk bilen ara alnyp maslahatlaşylmagyny gazanmak, şeýle hem dürli pudaklarda işleýän halkyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleriniň, jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen, birnäçe halk bähbitli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikde geçirilen mejlisine halkymyzyň dürli kärlerde işleýän we okaýan raýatlary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň hem gatnaşmagy, ýaşlaryň ýurdumyzyň bähbidine gönükdirilen tutumly işlerde mynasyp ornunyň bardygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütleri şeýle hem sargytlarydyr öwüt-ündewleri tutuş halkymyz bilen bir hatarda biz ýaşlary yhlas bilen zähmet çekmäge we bilim almaga ruhlandyrýar.

Biz ýaşlara işlemäge, bilim almaga, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun.

 

Gurbanberdi ANNANUROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY